Ýaponiýa 2025-nji ýylyň ieroglifini saýlady. Saýlanan ieroglif “kuma” (“aýy”) boldy. Dabara ýurduň gadymy paýtagty Kiotodaky “Arassa suw ybadathanasynda” geçirildi. Ybadathananyň baş ruhanysy ieroglifi kagyzyň ýüzüne ýazyp köpçülige görkezdi. Dabarany ýurduň telewideniýesi ýaýlyma berdi.
Ýyl üçin ieroglif saýlamak däbi 1995-nji ýylda başlady. 2025-nji ýylda bu sözüň saýlanmagyna ýurtda aýy hüjümleriniň köpelmegi sebäp boldy. Aprel we noýabr aýlary aralygynda aýy hüjümleriniň sany rekord derejä ýetdi. Ýyrtyjylardan 230 adam ýaralandy we 13 adam öldi.
Aýy hüjümleri ýurduň demirgazyk-gündogarynda has-da köp boldy. Aprelden sentýabr aýyna çenli aýa duş gelendikleri barada, takmynan, 37 müň habar gelip gowuşdy. Bilermenleriň pikiriçe, bu hoz hasylynyň pes bolmagy bilen baglanyşykly bolup biler, sebäbi aýylar iýmit ýetmezçiliginden ejir çekýärler we adamlara golaýlaşýarlar.
2024-nji ýylda “altyn” ieroglifi saýlandy. Bu ýapon türgenleriniň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryndaky ýeňişleri bilen baglanyşyklydy. Mundan öň Ýaponiýada ýylyň şygary saýlanypdy. Bu Premýer-ministr Sanae Takaitiniň “işlemek, işlemek, işlemek” diýen jümlesidi.
PDF









