Soňky 10 ýyllygyň dowamynda Ýaponiýanyň munitisipalitetleriniň (ýerli häkimlikleriniň) agramly böleginde daşary ýurtly raýatlaryň sany artdy. Immigrasiýa gullugynyň berýän maglumatyna görä, iýun aýynyň ahyryna çenli ýurtda ýaşaýan daşary ýurtlularyň sany rekord derejä — 3,95 milliona ýetdi.
Daşary ýurtly raýatlaryň sany ýurduň 1680 sany munitisipalitetinde, ýagny umumy sanawyň, takmynan, 96 göteriminde köpeldi. Olaryň 51 göteriminde bolsa gelenleriň sany iki esseden hem gowrak artdy. Daşary ýurtly raýatlar, esasan, iri şäherlerde mesgen tutýarlar. Mysal üçin, Osaka şäherinde 72 müň, Ýokogamada, takmynan, 48 müň we Nagoýada 35 müňe golaý daşary ýurtly raýat hasaba alyndy.
NHK teleýaýlymynyň habar bermegine görä, ýerli häkimlikler hökümete ýüzlenip, Ýaponiýa göçüp gelen daşary ýurtlulara ýardam bermek üçin goşmaça çäreleri görmäge çagyrdylar.