Onlaýn pul geçirmeleri bilen meşgullanýan amerikan kompaniýasy “Remitly”, iň sypaýy ýurtlaryň sanawyny düzdi. Munuň üçin 26 döwletden 4600 adamyň arasynda pikir soralyşyk geçirildi.
Pikiri soralanlardan iň sypaýy adamlar bilen baglanyşdyrýan ýurtlarynyň adyny agzamagy haýyş etdiler. Şeýle-de, barlaga gatnaşyjylaryndan özlerini näderejede sypaýy hasaplaýandyklary barada soradylar.
Reýtingiň lideri Ýaponiýa boldy. Ähli pikiri soralanlaryň üçden birinden gowragy (35,15%) ony iň sypaýy ýurt diýip atlandyrdy. Barlagyň awtorlarynyň belleýşi ýaly, sypaýyçylyk ýaponlaryň durmuşynda aýdyň ýüze çykýar: meselem, baş egmek diňe bir salamlaşyk hökmünde däl-de, eýsem hormat goýmagyň nyşany hökmünde hem ulanylýar. Mundan başga-da, ýapon dili köp babatda hormat formalarynyň we sypaýy gepleşikleriniň ulgamyna esaslanýar.
Ikinji ýerde 13,35% görkeziji bilen Kanada gelýär. “Kanadalylaryň hemmesine “ötünç soraýan adamlar” diýip baha bermek ýalňyşdyr. Aslynda, olaryň jemgyýeti gaty dürli-dürli, ýöne hemmesini birleşdirýän zat — biri-birine bolan uly hormat we sypaýyçylykdyr” – diýlip, barlagda bellenilýär.
Ilkinji üçlügi pikiri soralanlaryň 6,23%-i tarapyndan saýlanan Beýik Britaniýa jemleýär. Britaniýalylaryň sypaýyçylygy baradaky düşünjeler köp babatda kanadalylardan garaşylýan zatlara meňzeşdir – ýygy-ýygydan ötünç soramak we «haýyş» hem-de «sag bol» sözlerini yzygiderli ulanmak.
Iň sypaýy 10 ýurduň sanawy aşakdaky ýaly görnüşe eýe:
Ýaponiýa (35,15%)
Kanada (13,35%)
Beýik Britaniýa (6,23%)
Hytaý (3,07%)
Germaniýa (2,80%)
Filippinler (2,30%)
Şwesiýa (2,26%)
Daniýa (2,07%)
Finlýandiýa (1,92%)
Günorta Afrika (1,82%)
Ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň öz-özüne berýän bahasy daşary ýurtlylaryň olaryň sypaýyçylygyna berýän bahasyndan tapawutlanýar. Özlerini sypaýy hasaplaýan respondentler köplenç Braziliýadan, Çiliden, Hindistandan, Şwesiýadan, Fransiýadan, Meksikadan, Ispaniýadan, GAR-dan, ABŞ-dan we Portugaliýadandyr. Ýaponiýa bu reýtingde diňe 25-nji ýerde durýar.