Ýaponiýanyň hökümeti hususy pudak bilen bilelikde milli emeli aň (EA) modelini döretmek üçin, takmynan, 3 trillion iýen (häzirki nyrh boýunça takmynan 19 milliard dollar) sarp etmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Yomiuri” gazeti habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, bu bilelikdäki taslama ýerli kompaniýalaryň 10-dan gowragy, şol sanda “SoftBank” korporasiýasy ýaly ägirt uly ulgamlar gatnaşar. Neşiriň maglumatyna görä, ýurduň hökümeti çykdajylaryň, takmynan, üçden bir bölegini öz üstüne almagy, galan serişdeleri bolsa hususy firmalaryň maýa goýmagyny göz öňünde tutýar.
Ýaponiýanyň şahsy emeli aň modeliniň işlenip düzülmegine eýýäm 2026-njy ýylda başlanmagyna garaşylýar. Bu taslama, hususan-da, iň döwrebap maglumat merkezleriniň gurluşygyny hem öz içine alar. Geljekde bu emeli aň modelini ýerli önümçilik bolan robototehnika ulgamynda ulanmak hem meýilleşdirilýär.