Şu gün irden Ýaponiýada ählumumy saýlawlarda ses berişlik başlandy. Parlamentiniň iň täsirli aşaky palatasy bolan Wekiller palatasynyň 465 ornuny eýelemek ugrunda 1200-den gowrak dalaşgär bäsleşýär.
Saýlawlaryň esasy meselesi – Liberal-demokratik partiýasy (LDP) we “Ýaponiýany täzelemek jemgyýeti” partiýasyndan ybarat bolan häzirki hökümet koalisiýasy köplügini saklap, Premýer-ministr Sanae Takaitiniň administrasiýasynyň işini dowam etdirip bilermi ýa-da onuň bäsdeşleri öz ornuny berkidip, muňa päsgel berermi diýen soragdyr.
Ýurt boýunça saýlaw uçastoklary ýerli wagt bilen sagat 20:00-da ýapylar. Sesleriň sanalmagynyň gijä çenli dowam etmegine garaşylýar.
PDF









