2025-nji ýylda Ýaponiýada çaga dogluşynyň sany, şeýle statistika ýöredilip başlanan 1899-njy ýyldan bäri iň pes derejä düşmegi ähtimal. Bu barada “The Asahi Shimbun” gazeti, öz hasaplamalaryna we statistik maglumatlara salgylanyp habar berýär.
Neşiriň çaklamasyna görä, 2025-nji ýylda dünýä inen çagalaryň sany, takmynan, 667 542 bolmagyna garaşylýar. 2024-nji ýylda bu görkeziji 686 173 bolupdy. Gazetde bellenilişi ýaly, bu çaklama diňe ýurduň içinde we Ýaponiýanyň raýatlaryndan bolan çagalary öz içine alýar. Resmi statistika iýun aýynda mälim ediler, fewralda bolsa ýurtda ýaşaýan daşary ýurtlulary we daşary ýurtda doglan ýaponlary hem öz içine alýan deslapky maglumatlar çap ediler.
Ýaponiýadaky demografik ýagdaý, Ilat we durmuş üpjünçiligi boýunça milli barlag institutynyň mundan ozal beren çaklamalaryndan has erbet ýagdaýda ösýär. Meselem, 2023-nji ýylda berlen ortaça çaklama 2025-nji ýylda 749 müň çaganyň doguljakdygyny görkezipdi. “The Asahi Shimbun” gazetiniň getiren görkezijisi bolsa hatda iň pessimistik ssenariden (681 müň çaga) hem ep-esli azdyr.
Soňky ýyllarda Ýaponiýada çaga dogluşynyň rekord derejede peselmegi bilen bir hatarda, jemgyýetiň garramagynyň ýagdaýy hem durnukly dowam edýär. Bu bolsa zähmete ukyply ilatyň azalmagyna we işçi güýjüniň ýetmezligine alyp barýar.
Esasy Dünýä täzelikleri Ýaponiýada çaga dogluşy 2025-nji ýylda XIX asyryň ahyryndan bäri iň pes derejä...
PDF









