Premýer-ministr Sanae Takaitiniň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň dolandyryjy Liberal-demokratik partiýasy (LDP) ýurduň parlamentiniň aşaky palatasyna geçirilen möhletinden öňki saýlawlarda ýeňiş gazanýar diýip, BBC habar berýär.
Ekzitpollaryň maglumatlaryna görä, LDP parlamentiniň aşaky palatasynda, azyndan, 243 orna (jemi 465 orun bar) eýe bolar, koalisiýa boýunça hyzmatdaşy bolan Innowasiýa partiýasy bilen bilelikde bolsa, LDP-de 310 orun – konstitusion köplük bolar.
Pikir soralyşyklar Takaitiniň partiýasynyň ynamly ýeňiş gazanjakdygyny we parlamentde durnukly koalision konserwatiw köplügi emele getirjekdigini görkezipdi.
“Kyodo News” agentliginiň hasaplamalaryna görä, LDP, azyndan, 243 orun alar – mundan ozal dolandyryjy partiýanyň parlamentiň aşaky palatasynda 198 orny bardy, bu bolsa ýarysyndan hem azdy. Şol bir wagtda ýapon köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dolandyryjy koalisiýanyň 300-den gowrak orun aljakdygyna ynanýar. Şunuň bilen birlikde, NHK telekanalynyň çaklamalaryna görä, esasy bäsdeş partiýasy bolan Sentrist reformaçy alýansy mandatlarynyň ýarysyna çenlisini ýitirip biler.
Takaitiniň saýlawçylaryň arasyndaky üstünligi we meşhurlygy, LDP-den bolan iki Premýer-ministriň reýtingleriň birden peselmegi sebäpli wezipesinden çekilmeginden soň ýokary göterilip başlady. Saýlawçylaryň göwnüni tapmaga salgytlary azaltmak we subsidiýalary köpeltmek baradaky wada kömek etdi. Emma bilermenler ýurduň döwlet bergisiniň ösen ýurtlaryň arasynda iň ýokary derejeleriň birinde galýan wagtynda, onuň çykdajylary artdyrmak baradaky wadasynyň ýapon ykdysadyýetine kömek etjekdigine şübheli garaýarlar.
Sanae Takaiti saýlawlardan soň Ministrler Kabinetiniň düzümini üýtgetmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi.
PDF









