Ýaponiýanyň Tokara adalarynda ozal ylym dünýäsine belli bolmadyk täze bir guşuň üstünden baryldy. Aslynda, Tokara ýaprak saýraýjysy diýlip atlandyrylan guş ozaldan bäri mälimdi. Emma bu kiçijik bilbil mundan ozal Ijimanyň ýaprak saýraýjysy (Phylloscopus ijimae) atly guş bilen garyşdyrylýardy. Geçirilen barlaglaryň netijesinde bu guşjagazyň genetiki taýdan tapawutlydygy anyklandy hem-de oňa täze at (Phylloscopus tokaraensis) berildi.
Şwed we ýaponiýa alymlary iň döwrebap genom barlaglaryny geçirenlerinde, mundan ozal Ijima bilbili bilen daşky keşbi meňzeş bolan guşuň aslynda tapawutlydygyny anykladylar. Bu guşlaryň Tokara adalarynda millionlarça ýyldan bäri köplük bolup ýaşaýandygy ýüze çykaryldy.
Alymlar Tokara bilbili bilen Ijima bilbilini tapawutlandyrmak üçin diňe DNK taýdan däl, olaryň sesine-de üns beripdirler. Tokara bilbiliniň sesiniň özüne mahsus ritmi we äheňi bar. Şeýle hem olaryň arkasy zeýtuna çalym edýän ýaşyl reňkli, döşi bolsa çalymtyl bolup, kellesi birneme kiçi, aýaklary kelteräk.
Tokara bilbili diňe kiçi adalar toparynda ýaşaýar we onuň sany çäkli. Şol sebäpli alymlar bu guşy eýýäm “Goralmaga mätäç“ jandarlaryň sanawyna goşmagy teklip edýärler.
Ýaponiýada iň soňky guş görnüşi mundan 45 ýyl töweregi ozal, ýagny 1980-nji ýyllaryň başynda hasaba alynýar.
Her ýylda dünýäniň dürli ýerinde täze jandarlaryň, şol sanda guşlaryň hem täze görnüşleri açylýar.
Jeren Öwlýagulyýewa, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
PDF









