Ýaponiýada ilkinji gezek uçarmansyz uçýan awtoulag synag edildi. SD-05 atly ulag Tokio aýlagynyň üstünde şowly asmana galdy diýip, işläp düzüji kompaniýa öz saýtynda habar berdi. Enjam asmanda 3,5 minut bolup, şol wagtda 150 metr aralygy uçup geçdi. Uçarmansyz awtoulag asmana 12 periň we güýç berijiniň kömegi bilen göterildi.
Öz gurluşy boýunça SD-05 ulaldylan kwadrokopteri ýatladýar. Ol üç adama niýetlenen hem güýç bermezden, 15-den 40 kilometre çenli uçmaga ukyplydyr. Çaklaňja göwrümine laýyklykda, uçýan enjam dikuçaryň ýerleşip bilmejek ýerlerinde, mysal üçin, binalaryň üçeklerinde ýa-da kiçeňräk ýörite uçuş meýdançalarynda gonup bilýär. Kompaniýada şeýle meýdançalaryň diňe bir gökdiränlerde däl, söwda merkezlerindäki ulag goýulýan ýerlerde ýa-da demir ýol menzilleriniň ýanyndaky meýdançalarda döredilip bilinjekdigini aýdýarlar. Kompaniýanyň baş direktory Tomohiro Fukudzawanyň sözlerine görä, uçýan taksiler adaty taksilerden takmynan iki esse gymmat, emma ýola sarp edilýän wagt dört-bäş esse az bolar.