20-nji dekabrda Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan Türkmenistana lukmançylyk enjamlarynyň sowgat berilmegi bilen bagly dabara geçirildi. Oňa Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ýamamoto Hiroýuki, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Dabaranyň başynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurtda saglygy goraýyş ulgamyna berilýän üns-alada, bu ugurda daşary ýurtlar bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyklar, şeýle-de ikitaraplaýyn ylalaşyklar dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler.

Ýaponiýanyň hökümetiniň Türkmenistana iberen lukmançylyk enjamlary ýurduň welaýatlarynda ýerleşýän hassahanalaryň 15-sine iberiler. Bu bolsa ýerlerdäki hassahanalarda bejergi alýan raýatlaryň saglyklaryny berkitmäge ýardam eder.

Bu taslamany durmuşa geçirmek barada geçen ýyl Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri bilen Ýaponiýanyň hökümetiniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda ylalaşylypdy. Şol duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow gatnaşypdy.