Ýaponiýada Ministrler Kabinetiniň hemmesi işinden çekildi. Premýer-ministr Fumio Kisida ministrleriň haýyşlaryny kabul etdi.
Kisida ýakyn wagtda dolandyryjy koalisiýadaky Liberal-demokratik partiýanyň hyzmatdaşy bolan Komeito partiýasynyň başlygy Natsuo Ýamaguti bilen duşuşar. Syýasatçylar täze Kabinet döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşarlar. Bu proses tamamlanandan soň täze ministrler ýörite dabarada Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito tarapyndan tassyklanar.
Täze hökümetde 19 ministriň 13-si çalşylyp, olardan 11-si ilkinji gezek wezipelerini alar diýlip garaşylýar. Bäş wezipäni bolsa, zenanlar eýelär.