Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba wezipesinden çekilmegi niýet edinýär diýip, TASS habarlar agentligi NHK teleýaýlymyna salgylanyp habar berdi.
Premýer-ministr özüniň ýolbaşçylyk edýän dolandyryjy liberal demokratik partiýasynyň (LDP) bölünmeginden gaça durmak maksady bilen şeýle karara geldi.
Şu gün, LDP-niň ähli wekilleriniň we sebitdäki partiýa guramalarynyň wekilleriniň arasynda partiýanyň başlygyny saýlamak üçin möhletinden öňki saýlawlary guramak meselesi boýunça geçirilen pikir soralyşyklaryň netijeleri jemlener. Iýul aýynda geçirilen parlament saýlawlary şowsuz tamamlanandan soň, partiýanyň agzalarynyň köpüsi Isibanyň işinden çekilmegine çagyryş etdiler.