Ýewropanyň birnäçe ýurdunda, şol sanda Daniýada, Niderlandlarda we Beýik Britaniýada adaty ak yşyklandyryş ulgamy gyzyl reňkli yşyklandyryşa çalşylýar. Bu täsin taslamanyň esasy maksady gijeki jandarlary, aýratyn-da ýarganatlary ekologiýa taýdan goramak we ýagtylyk hapalanmasyny azaltmakdyr.
Daniýanyň Gladakse şäherinde “AFRY Architects” býurosy tarapyndan gurlan awtoulag ýolunyň we tizlikli welosiped ýolunyň ugrunda gyzyl reňkli yşyklandyryş gurnaldy. Bu ýerde ýerleşdirilen 30 sany ýörite sütün ýarganatlaryň ýaşaýyş şertlerine zyýan bermezlik üçin niýetlenendir. Sütünleriň aralygy şeýle bir takyk hasaplanypdyr welin, ýarganatlar ýyrtyjylara görünmän ýoldan geçip bilýärler, şol bir wagtyň özünde bolsa ulag sürüjileri üçin ýol doly görünýär.
Näme üçin gyzyl reňk?
Niderlandlaryň Ekologiýa institutynyň alymlary bäş ýyllap dowam eden barlaglaryň netijesinde gyzyl reňkiň ýarganatlara täsirini öwrendiler:
Gyzyl yşyk: Ýarganatlar ony garaňkylyk hökmünde kabul edýärler we özlerini howpsuz duýup, işjeňliklerini peseltmeýärler.
Ak we ýaşyl yşyk: Bu reňkler ýarganatlaryň hereketini bökdeýär. Ak yşykda ýarganatlar özlerini ýyrtyjylaryň (mysal üçin, baýguşlaryň) öňünde goragsyz duýýarlar.
Görnüşleriň tapawudy: Ýeňil we çalt uçýan ýarganat görnüşleri çyralaryň daşyna üýşýän mör-möjekleri awlamaga uýgunlaşan bolsalar-da, haýal uçýan seýrek görnüşler üçin ak yşyk uly howp döredýär.
Ýewropadaky ilkinji ädimler
Bu ugurda Niderlandlaryň Zöýdhuk-Neýwkop şäheri 2018-nji ýylda dünýäde ilkinji bolup gyzyl yşyklandyryşy girizdi. 2019-njy ýylda bolsa Beýik Britaniýanyň Workester şäheriniň golaýyndaky A4440 magistralynda ýarganatlar üçin 60 metrlik ýörite “gyzyl geçelge” döredildi.
Gyzyl reňkli täze LED lampalar diňe bir tebigaty goramak bilen çäklenmän, eýsem energiýany tygşytlamaga we tehniki hyzmat çykdajylaryny azaltmaga hem mümkinçilik berýär. Alymlar bu usulyň geljekde şäheriň daşyndaky ähli ýollarda ulanylmagynyň tebigy deňagramlylygy saklamakda möhüm rol oýnajagyny belleýärler.