UEFA-nyň 3-nji klub ýaryşy Konferensiýa Ligasynda-da çärýek finalyň 1-nji duşuşyklary geçirilip, ähli oýunda-da ýer eýeleri ýeňiş gazandy. 3 duşuşyk 3-0, 1 oýun bolsa 2-0 hasabynda tamamlandy.
Ukrainanyň “Şahtýor Donesk” topary öz meýdançasynda Niderlandlaryň AZ toparyny 3-0 hasabynda utdy. Duşuşykdaky gollary donesklileriň brazil oýunçylary geçirip, Pedrinio (72) bilen Alisson (81, 83) tapawutlandy.
Şol netije Londonda-da hasaba alnyp, “Kristal Palas” topary Italiýanyň “Fiorentina” toparynyň derwezesinden jogapsyz 3 gol geçirdi. Gollary Mateta (24 p), Mitçell (31) hem-de Ismaila Sarr (90) öz atlaryna ýazdyrdylar.
Ispan kluby “Raýo Wallekano” öz meýdançasynda Gresiýanyň “AEK Afiny” toparyny Akomaçyň (2), Lopesiň (45+2) hem-de Palazonyň (74 p) gollary bilen 3-0 hasabynda ýeňdi.
Germaniýada “Maýns” Fransiýanyň “Strasbur” toparyny 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Nemes klubunyň gollaryny Sano (11) bilen Poş (19) öz atlaryna ýazdyrdylar.
Jogap oýunlary 16-njy aprelde geçiriler.
Çärýek finalyň 1-nji duşuşyklarynyň netijeleri:
Şahtýor Donesk – AZ Alkmaar: 3-0 /Pedrinio 72, Alisson 81, 83/
Kristal Palas – Fiorentina: 3-0 /Mateta 24 p, Mitçell 31, Sarr 90/
Raýo Wallekano – AEK Afiny: 3-0 /Akomaç 2, Lopes 45+2, Palazon 74 p/
Maýns – Strasbur: 2-0 /Sano 11, Poş 19/
PDF









