Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçylaryndan düzülen topar 29-njy oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Panama Respublikasynda geçirilen «First Global Challenge 2025» atly robot tehnologiýasy boýunça halkara bäsleşige gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi. «Robotlaryň Olimpiadasy» diýlip hem atlandyrylýan bu bäsleşige dünýäniň 190 döwletinden ýaşlar gatnaşdylar. «Ekodeňagramlylyk» şygary bilen geçirilen halkara bäsleşige gatnaşan bu topara Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy M.Sähetgulyýew ýolbaşçylyk etdi. Ýurdumyza wekilçilik edýän ýaşlar toparynyň agzalary toparlaýyn hem-de ýekeleýin bäsleşiklere gatnaşyp, ýokary netije görkezdiler. Robototehnika bäsleşiginde ýygyndymyz robotlaryň ýekelikdäki bäsleşiginde (Skills Challenge) 1-nji orna mynasyp boldy. Bu ugurda robotlar toplary ýygnamak, peri pyrlamak, ýüpe dyrmaşmak ýaly ýumuşlary ýerine ýetirmeli boldular. Şeýlelikde, berlen ýumuşlary 50 sekundyň dowamynda ýerine ýetirip, jemi 54,6 bal toplamak başartdy.
Mahym Marlyýewa,
Ak bugdaý etrabyndaky takyk ugurly we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiň mugallymy.
PDF









