Golaýda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň sebitleýin forumy geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada neşe serişdelerine garşy göreş maksatnamasynyň 7-nji tapgyrynyň (Central Asia Drug Action Program CADAP 7) goldamagynda geçirilen iki günlük forum ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we türkmen döwletiniň başlangyjy bilen BMG tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan şanly ýyla bagyşlandy.
«Saglyk we durnukly ösüş parahatçylygyň ýoly hökmünde» ady bilen geçirilen forum Merkezi Aziýa döwletlerinden, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlardan öňdebaryjy ýaşlary, bilermenleri we ýaş ýolbaşçylary bir ýere jemledi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalary işjeň gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar saglyk, bilim, sanly howpsuzlyk we howa maglumatlylygy barada maslahatlaşyp, özara pikir alyşdylar.
Ýaşlar forumy Merkezi Aziýada neşe serişdelerine garşy göreş maksatnamasynyň 7-nji tapgyrynyň direktory Ernest Robellonyň ýolbaşçylygynda «Ýaşlar, saglyk we durnukly ösüş» diýen temada öz işine başlady. Onuň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, daşary işler ministriniň geňeşçisi Magtymguly Akmyradow we Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Maseý Madalinski çykyş etdi.
Forum degişli mowzuklar boýunça guralan ugurdaş bölümçelerde öz işini dowam etdi. Olaryň barşynda geçirilen gepleşiklerde Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň we Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlarynyň arasynda neşekeşligiň öňüni almak, olaryň ruhy sagdynlygynyň goraglylygy, durnukly parahatçylyk bilen bagly pikir alyşmalar boldy. Degişli bölümçeleriň işi ekohabarlylyk, ýagny sagdyn howa gurşawy barada ýaşlaryň sowatlylygynyň hem-de bilimde olaryň durnukly hünärleri saýlamaklygynyň ähmiýetine gönükdirildi.
Forumyň ikinji gününde degişli bölümçelerde geçirilen duşuşyklarda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleri sanly platformalardyr emeli aň, öňüni alyş çäreleriniň bähbidine we parahatçylyk üçin ýaşlaryň başlangyçlary, saglygy goraýyş, innowasiýalar ýaly mowzuklarda çykyş edip, jemleýji resminamanyň taslamasyny hödürlediler. Çykyş edenler ara alnyp maslahatlaşylan ugurlar boýunça türkmen ýaşlarynyň gowy netijeleri görkezýändiklerini, hemmetaraplaýyn görelde bolýandyklaryny nygtadylar. Çäräniň ahyrynda hödürlenen taslamada ÝB-niň we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde garalan mowzuklar boýunça 5 ýyllyk «Ýol kartasyna» bellenen wagtyň çäginde seredilip, onuň kabul edilmegi meýilleşdirildi.