Her bir döwletiň durnukly ösüşi, dünýä derejesindäki bäsdeşlige ukyplylygy we jemgyýetiň ykdysady-jemgyýetçilik ösüşi, ilkinji nobatda, ýaşlaryň derejesine, mümkinçiliklerine we ýaşlar üçin döwlet tarapyndan döredilýän şertlere baglydyr. Şonuň üçin güýçli döwletleriň ählisi ýaşlar syýasatyny milli ösüş strategiýasynyň möhüm bölegi hökmünde kabul edýärler. Ýaşlaryň bähbitleriniň goralmagy, olaryň jemgyýetdäki ornunyň pugtalandyrylmagy we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi häzirki zaman döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, ýakynda ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen dabara döredijilikli zähmeti bilen döwrümiziň ösüşlerine goşant goşýan bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň 426-sy hödürlenildi. Şolardan 141-si bolsa Ýaşlar baýragynyň eýesi diýlip yglan edildi. Olar edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri bilen, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezip, zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlardyr.
«Ýaşlar – Watanyň daýanjy» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýaş raýatlary hemmetaraplaýyn goldamagyň, olary zähmete we döredijilige höweslendirmegiň nusgalyk ulgamy döredildi. Häzirki döwürde ýaşlar diňe bir döwletimiziň uzak geljegi nazarlaýan ösüşinde strategik güýç bolmak bilen çäklenmän, jemgyýetiň syýasy, ykdysady, durmuş ulgamlaryna hem işjeň gatnaşyjylardyr.
Döwlet tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň esasy maksady – ýaşlara döredijilik, bilim, saglyk, zähmet we jemgyýetçilik işjeňligi babatda amatly şertleri üpjün etmekdir. Bu ulgamdaky çäreler ýaşlaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmäge hem-de jemgyýete peýdaly nesli kemala getirmäge gönükdirilendir.
Şol maksatlardan käbirini belläp geçsek talabalaýyk bolar:
1. Bilim mümkinçiliklerini giňeltmek
Döwlet ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagyny üpjün edip, döwrebap okuw mekdepleriniň, uniwersitetleriň, elektron-öwreniş platformalarynyň döredilmegine möhüm üns berýär.
2. Saglygy goraýyş we sagdyn durmuş hereketi
Ýaşlaryň saglygynyň, sport bilen meşgullanmagynyň, sagdyn durmuş düzgüniniň öňe sürülmegi ýaşlar syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar.
3. Iş orunlary we zähmet bazary
Ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligi aýratyn wajyp meseledir. Döwlet iş orunlarynyň döredilmegine, ýaş hünärmenlere başlangyç goldawlara, telekeçilik we innowasiýa meýilnamalaryna üns berýär.
4. Döredijilik we innowasiýalar
Döwlet ýaşlaryň pikirlerini, başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamak üçin innowasiýa merkezlerini, ýaşlar tehnoparklaryny, ylmy-barlag platformalaryny döredýär. Zehinli ýaşlaryň halkara bäsleşiklerine gatnaşmagyna mümkinçilik berilýär.
5. Ýaşlary jemgyýetçilik işlerine çekmek
Ýaşlaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy – döwlet gurluşynyň möhüm talaby. Ýaşlar jemgyýetçilik guramalarynda işjeň bolup, syýasy, medeni we jemgyýetçilik işlerinde uly orny eýeleýärler.
Ýaşlaryň bähbitlerini goramak, olara bilim, saglyk, mümkinçilik we döredijilik ýolunda goldaw bermek – döwletiň iň möhüm wezipeleriniň biridir. Ýaşlara aýratyn üns berilmegi jemgyýetiň ösüşiniň berk binýadyny döredýär.
Döwlet syýasatynyň öňdebaryjy ugurlarynyň biri hökmünde ýaşlar baradaky aladanyň dowamly ösdürilmegi geljekki ösüşiň, jemgyýetiň durnuklylygynyň we halkyň abadançylygynyň kepilidir.
Akjemal ALLAMYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF









