Ata Watanymyzda ýaşulularyň sarpasy belent tutulýar we olar üçin dürli ýeňillikler döredilýär. Ýaşuly nesliň zähmet ýoly we durmuş tejribesi hakynda gyzykly gürrüňler häli-şindi ýaşlara ýetirilýär. Bu bolsa ýaşlaryň has-da watansöýüji ruhda terbiýelenmegine uly ýardam edýär.
Her ýylyň 1-nji oktýabrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda Ýaşulularyň halkara güni bellenilip geçilýär. Bu günüň bellenilip geçilmegi gadymy däplerimize ygrarlydygymyzy, ýaşululara hormat-sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly ýörelgelerimizi täze mazmun bilen baýlaşdyrýandygymyzy alamatlandyrýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýaşuly adamlaryň ýagdaýyna jemgyýetçilik ünsüni çekmek maksady bilen kabul edilen ýörite resminama laýyklykda, halkara derejesinde bellenip geçilýän bu baýramçylyk öz gezeginde ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda mynasyp orun eýeleýär.
Ýaşulularyň halkara güni – ýaşuly nesle, olaryň durmuş tejribelerine, akyl-paýhaslaryna, jemgyýetdäki ornuna belent hormatyň baýramydyr. Türkmen jemgyýetinde ýaşulular – maslahat beriji, ýaşlara ýol görkeziji, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda hormat hem gadyr eýesi hasaplanýar.
Şol gün mynasybetli ýaşululara sowgatlar berilýär, duşuşyklar, maslahatlar guralýar, döwlet derejesinde dürli çäreler geçirilýär, medeni çärelere, maslahatlara, duşuşyklara giň orun berilýär.
Ýaşulularyň halkara güni diňe bir baýramçylyk däl, eýsem, ýaşlara ýaşuly nesliň paýhasyndan peýdalanmak, olaryň ýol-ýörelgesini dowam etdirmek üçin mümkinçilikdir. Şeýle-de ol jemgyýetde nesilleriň arasyndaky gatnaşyklary berkidýär.
Parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, ynsanperwerligiň beýik ýörelgelerine esaslanýan syýasatymyzy, döredijilik başlangyçlarymyzy durmuşa geçirmekde hem belent hormata mynasyp paýhasly ýaşulularymyz biziň daýanjymyzdyr. Jebisligimizi, agzybirligimizi pugtalandyrmakda, milli bitewüligimizi berkitmekde, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde jemgyýetimiziň ýaşuly nesliniň uly hyzmaty bardyr. Eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan asylly işlerimize, beýik başlangyçlarymyza, toý-baýramlarymyza ýaşulularymyzyň ak patasy bilen badalga berýäris.
Baý durmuş tejribesini toplan parasatly ýaşulularymyz, maşgala ojagynyň daýanjy bolan mährem enelerimiz Watanymyzy ýürekden söýýän, ýokary ahlak häsiýetlerini, watansöýüjiligiň belent düşünjelerini özünde jemleýän, ynsanperwer ýörelgelerimize ygrarly ogul-gyzlary terbiýelemekde özboluşly mekdepdir.
Ýaşulularyň sylagyna, jemgyýetde olaryň abraýyna, hormatyna taryhyň sahypalary, türkmen nusgawy şahyrlarynyň eserleri, şeýle hem nesilden-nesle geçip gelýän halk nakyllary hem-de atalar sözi güwä geçýär. Halkymyzda öz ýaşulularyna pähim-paýhasly mugallymlary hökmünde garaýan «Ulusy bolmadygyň, kiçisi bolmaz», «Öýüň daýanjy ýaşulusydyr» ýaly nakyllar döräpdir.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde Ýaşulularyň halkara güni diýseň uly şatlyk-şowhunly dabaralara beslenip bellenilip geçilýär. Bu baýram Gahryman Arkadagymyzyň türkmen ýaşulularyna bolan çäksiz hormat-sarpasynyň nyşanyny, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen oňyn hyzmatdaşlygyna ygrarlylygynyň baý mazmunyny alamatlandyryp, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizilen Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 81-nji maddasynyň birinji böleginde ýerleşdirilen şanly seneleriň arasyndan orun aldy.
Ýaşulularyň halkara güni ýurdumyzda ilkinji gezek 2009-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda bellenilip başlandy. Şondan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän beýleki döwletler ýaly biziň ýurdumyzda hem her ýylyň 1-nji oktýabrynda Ýaşulularyň halkara güni giňden dabaralandyrylýar.
Mamajan HAÝTMURADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.