Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh tarapyndan başy başlanan çölleşmä garşy göreş boýunça “Milliard agaç” milli kampaniýasynyň çäginde serhet ýakasynda “ýaşyl diwar” gurmak meýilleşdirýär. Bu barada Prezident administrasiýasynyň başlygy Ýanguuriin Sodbaatar Tuw aýmagynyň Baýançandman şäherinde agaç ösdürip ýetişdirmek boýunça nahalhananyň açylyş dabarasynda aýtdy.
Onuň szölerine görä, çäge sowurýan harasatlar we tupanlar ýaly tebigy betbagtçylyklardan goranmak maksady bilen serhet ýakasyndaky 960 gektar meýdanda, esasan, nahalhanada ösdürilip ýetişdirilen 6,9 million agaç oturdylar. Geljekde bu san 16 million agaja çenli artar.
-Mundan başga-da, tokaý zolaklarynyň ugrunda goragly “ýaşyl diwar” gurmagy, ýaşyl ýerleri köpeltmegi, Gobi sebitindäki çeşmeler we akymlar bilen oazisleri goramagy meýilleşdirýäris – diýip, Ýanguuriin Sodbaatar belledi. Geçen ýyl Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden öz ýurdunyň howanyň üýtgemegine we çölleşmegine garşy göreşmek isleýändigini yglan edende, tutuş ýurt boýunça agaç ekmek kampaniýasy resmi taýdan başlandy. Mongoliýanyň 2020-2024-nji ýyllar üçin hökümet maksatnamasy zeper ýeten tokaýlary dikeltmek we tokaý meýdanyny 8,6 göterime çenli ýokarlandyrmak ýaly birnäçe möhüm çäräni öz içine alýar. Mongoliýanyň Daşky gurşaw we syýahatçylyk ministrliginiň iň soňky maglumatlaryna görä, häzirki wagtda ýurduň çäginiň, takmynan, 77 göterimi çölleşýär.