Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş dünýäde gaýtadan dikeldilýän energiýa beketleriň 91 göteriminde elektrik energiýasyny öndürmegiň gazylyp alynýan energiýa çeşmeleri bilen işleýän beketlerden has arzan düşýändigini mälim etdi. BMG Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA), Halkara Pul Gaznasy, Halkara energiýa agentligi (HEA), Bütindünýä banky we Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň goldawy bilen maglumat ýaýratdy. Maglumata görä, ösen tehnologiýa we bäsdeşlige ukyply üpjünçilik zynjyry gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň adaty ýangyç serişdelerinden has amatly bolmagyna getiripdir.
Geçen ýyl elektrik energiýasyny öndürmekde Gün beketleri adaty ýangyç serişdelerine görä, 41%, suwüsti ýel beketleri 53% arzan bolupdyr. Gury ýerde gurlan ýel beketleri bolsa, has arzan bolmagynda galypdyr. Dünýäde geçen ýyl işe girizilen gaýtadan dikeldilýän energiýa beketleriniň önümçiligi 15,1% artyp, 582 gigawata ýetipdir. Bu görkeziji 2000-nji ýyldan bäri hasaba alnan iň uly ýyllyk ösüş bolupdyr.
Guterriş geçen ýyl arassa energiýa üçin 2 trillion amerikan dollaryna barabar maýa goýum goýlandygyny, bu möçberiň adaty energiýa çeşmelerine goýlan maýadan 800 milliard dollar köpdügini belledi.
Atajan ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.