Dünýäniň iň uly Ýaşyl howa gaznasy Iordaniýada 6 milliard amerikan dollarlyk bahasy bolan suwy süýjetmek boýunça taslamasyny amala aşyrmak üçin iň uly maliýe borçnamalaryny öz üstüne aldy. Ýaşyl howa gaznasynyň goldawy noýabr aýynda Braziliýada geçiriljek COP30 çäresinden öň we Pariž ylalaşygyndan 10 ýyl soň amala aşyrylýar. Ylalaşykda gazna global maýlamanyň öňüni almak boýunça tagallalary maliýeleşdirmegiň esasy serişdesi hökmünde kesgitlenildi.
«Bu ýurdy özgerder» diýip, gaznanyň ýerine ýetiriji direktory Mafalda Duarte «Reuters» agentligine beren interwýusynda belledi. Ol sözüniň dowamynda Akaba-Amman suwuny süýjetmek we suw daşamak boýunça taslama, şeýle hem Iordaniýanyň Milli suw daşaýjysy diýlip atlandyrylýan taslama maýa goýumyň gaznanyň iň uly maýa goýumy» bolandygyny belledi.
Suwy süýjetmek boýunça iň uly taslamalaryň biri dünýäde iň köp suw ýetmezçiligi bolan Iordaniýanyň ilatynyň ýarysyna golaýyna hyzmat eder.
Güljan ALLAGULYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy.
 PDF
 PDF 
		

 
                         