Dün­ýä­niň köp ýur­dy 2015-nji ýyl­da Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­rin­de ge­çi­ri­len daş­ky gur­şa­wa ba­gyş­la­nan mas­la­hat­da göz öňün­de tu­tu­lan sep­git­le­re ýet­mek üçin ta­gal­la ed­ýär. Te­bi­ga­tyň aýaw­ly sak­lan­ma­gy, te­bi­gy baý­lyk­la­ryň gel­jek ne­sil­le­re gal­dy­ryl­ma­gy üçin ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­le­rin­den peý­da­la­nyl­ma­gy­na ze­rur­lyk du­ýul­ýar. Bu mak­sa­da ýet­mek üçin Ýa­po­ni­ýa hem iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýär. Ýurt bu ugur­da has baş­ga­ça teh­no­lo­gi­ýa­ny iş­läp taý­ýar­la­ýar. Ýa­po­ni­ýa 2017-nji ýyl­da wo­do­rod stra­te­gi­ýa­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­dy. Gü­nüň dog­ýan ýur­dun­da 2030-njy ýy­la çen­li ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly ga­zla­ryň muk­da­ry­nyň 46 gö­te­rim azal­dyl­ma­gy, 2050-nji ýyl­da do­lu­ly­gy­na ara­dan aý­ryl­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär. Bu mak­sa­da ýet­mek üçin dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­duň Ko­be şä­he­rin­de gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa ula­ny­lyp ön­dü­ri­len «ýa­şyl» wo­do­rod bi­len has­sa­ha­na, sport mer­kez­le­ri we de­mir ýol ulag­la­ry üçin elekt­rik ener­gi­ýa­sy ön­dü­ril­ýär. Ýan­gyç hök­mün­de ula­ny­lan­da wo­do­rod di­ňe suw bu­gu­ny çy­kar­ýar. Em­ma ön­dü­ril­me­gi üçin hem elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na ze­rur­lyk du­ýul­ýar. Şol se­bäp­li bi­na­lar­da ýa-da ulag se­riş­de­le­rin­de peý­da­la­nyl­jak wo­do­ro­dyň hem aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den al­nan bol­ma­gy ze­rur­dyr. Ýur­duň Fu­ku­si­ma wo­do­rod ener­gi­ýa bar­lag­la­ry mer­ke­zi (FH2R) bu ugur­da dün­ýä­niň iň iri des­ga­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
Bu des­ga­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa­dan ne­ti­je­li peý­da­la­ny­lyp, kö­mür­tur­şy ga­zy­ny iň az muk­dar­da çy­kar­ýan wo­do­rod önüm­çi­li­gi üçin iş al­nyp ba­ryl­ýar. Wo­do­rod ön­dür­mek üçin su­wuň kis­lo­rod bi­len wo­do­ro­dy­ny aýyr­ma­ly bol­ýar. Mu­nuň üçin bol­sa aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den peý­da­la­nyl­ýar.
Ýa­po­ni­ýa­nyň «Ka­wa­sa­ki Heavy In­dust­ri­es» kom­pa­ni­ýa­sy hem wo­do­ro­dy de­ňiz ar­ka­ly da­şa­mak­da öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri­dir.