Dünýäniň iri şäherleriniň wekilçiliginde döredilen «C40» topary (C40 Cities Climate Leadership Group Inc.) şäherlerde daşky gurşaw bilen bagly amallaryň täze iş orunlaryny döredýändigini belledi. Berilýän maglumatda «ýaşyl» ykdysadyýetiň täze mümkinçilikleri döredýändigi bellenilýär. Geçirilen seljermäniň netijesinde dünýäniň 81 şäherinde 21 million «ýaşyl» iş ornunyň bardygy bellenildi. Olaryň 13,5 milliondan gowragy gönüden-göni daşky gurşaw syýasaty bilen baglanyşykly. Bilermenler howany hapalamaýan gatnaw, gaýtadan dikeldilýän energiýa, arassa gurluşyk we durnukly infrastruktura ýaly ugurlardaky işi «ýaşyl» diýip hasaplaýarlar. Geçirilen barlaglarda bu şäherlerdäki iş orunlarynyň 10 göterimden gowragynyň «ýaşyl» kategoriýasyna degişlidigi bellenildi.
«C40» 2030-njy ýyla çenli jemi 50 million «ýaşyl» iş ornuny döretmegi meýilleşdirýär we bu maksada ýetmek üçin görnetin ösüş gazanylandygyny belleýär.
Aýgül HAJYNAZAROWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň derňewçisi.
PDF









