ABŞ-nyň 44-nji Pre­zi­den­ti Ba­rak Oba­ma özü­niň pre­zi­dent­lik möh­le­ti we Ame­ri­ka­nyň dur­mu­şy ba­ra­da gür­rüň ber­ýän il­kin­ji ki­ta­by­ny çy­ka­rar. «Ar­zuw edil­ýän ýurt» (A Pro­mi­sed Land) at­ly ki­tap ABŞ-nyň Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­dan iki hep­de soň, 17-nji no­ýabr­da sa­tu­wa çy­ka­ry­lar. Ki­tap­da ýur­duň ozal­ky Pre­zi­den­ti Ba­rak Oba­ma­nyň alyp ba­ran iş­le­ri ba­ra­da jik­me-jik­ gür­rüň be­ril­ýär.
Ki­tap­da Oba­ma­nyň sy­ýa­sy kar­ýe­ra­sy­nyň baş­lan­ýan döw­ri, pre­zi­dent­li­ge saý­lan­ma­gy­na çen­li döw­ri we bu we­zi­pe­de iş­län ýyl­la­ry ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Ki­tap 25 dil­de ne­şir edi­lip, dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da el­ýe­ter­li bo­lar. ABŞ-da onuň ki­tap ne­şi­ri­niň ba­ha­sy 45 dol­lar, elekt­ron ne­şi­ri­niň ba­ha­sy bol­sa, 17,99 dol­lar bo­lar. «Ar­zuw edil­ýän ýurt» at­ly ki­ta­byň mil­li­on­lar­ça nus­ga­da sa­tyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
2018-nji ýyl­da ABŞ-nyň öň­ki bi­rin­ji ha­ny­my Mi­şel Oba­ma­nyň «Eme­le ge­liş» (Becoming) at­ly ýat­la­ma­la­r ki­ta­by çap edi­lip­di. Hü­nä­ri bo­ýun­ça hu­kuk­çy bo­lan Mi­şel Oba­ma 2009-2017-nji ýyl­lar­da, onuň ýan­ýol­da­şy Ba­rak Oba­ma ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ni eýe­län­de, ýur­duň bi­rin­ji ha­ny­my bo­lup­dy.
3-nji no­ýabr­da ABŞ-da Pre­zi­dent saý­law­la­ry ge­çi­ri­ler. ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti we­zi­pe­si­ne Res­pub­li­kan­lar hä­zir­ki Pre­zi­dent Do­nald Tram­py, de­mok­rat­lar bol­sa, Jo­zef Baý­de­ni tek­lip et­di­ler.