23-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabaralaryň guraljakdygy beýan edildi. Bu habar şygryýete belent sarpa goýýan halkymyzda çuňňur kanagatlanma duýgusyny döretdi.
Şahyryň 2010-njy ýylda çap edilen goşgular ýygyndysy Gahryman Arkadagymyzyň: «Beýik alymlarymyzyň, söz ussatlarymyzyň gymmatly edebi mirasy dünýä siwilizasiýasynyň altyn hazynasynda mynasyp orun eýeleýär» diýen parasatly sözleri bilen açylýar. Bu sözler dürli döwürlerde türkmen edebiýatynyň ösmegine mynasyp goşant goşan şahyrlara berlen ýokary bahadyr. Gurbannazar Ezizow geçen asyryň altmyşynjy-ýetmişinji ýyllarynda ýiti zehini, döredijilik aýratynlygy, täzeçilligi bilen düýpli tapawutlanýar. Hakdan berlen zehini bilen bal arysynyň gülden-güle gonup, bal ýygnaýşy ýaly, söz äleminden şygyr döreden şahyryň gysga ömründe halkyna goýup giden mirasy aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ümmülmez ummany ýadyňa salýar. Iň esasy bolsa, şahyr haýsy tema ýüzlenip, näme döreden bolsa ol eserleriň okyjylaryň kalbynda orun almagy başaranlygydyr.
Şahyryň türkmen poeziýasyny ýokary götermek barada eden hyzmatlarynyň esasylarynyň biri onuň Ýewropa hem rus şygryýetiniň çeperçilik gazananlaryny türkmen şygryýetine siňdirenliginden ybaratdyr. Şahyr haýsy tema ýüzlense-de, ony milli ruhuň galybynda ýugurmagy ussatlarça başarypdyr.
Şahyryň döredijiliginde tebigat hakdaky şygyrlar aýratyn orny eýeleýär. Çünki tebigat – ynsanyň daşy-dolagy. Galamdaşlarynyň aýdyşy ýaly, Gurbannazar şahyr sözüň doly manysynda ýazyň şahyrydy.
Guý, ýagyş! Eziber tallaň saçlaryn,
Geliber müň ýylky ýollaryň bile.
Ýöne dag daşlaryn alyp gaýtma,
Dag başynda ýatan silleriň bile.
Şu pursatlarda gojaman zemin, älem-jahan heýjana gelip suwa düşer. Sähel yz ýanyndanam, älemi nura gark edip, parlap gyzgylt şöhleleri bilen Gün çykar. Şonda böreň-böreň ýagyşlardan soň ýaşyl donuna bürenen zemini synlamagyň özi giden bir lezzetdir.
Gurbannazar Ezizowyň şygyrlary hem edil şol kysmydyr, ol köňüllerde iň näzik duýgulary oýaryp, kalp öýlerine gözellik sahawatyny eçiler. Onsoň baharda açylan çyn güli ysgap doýup bolmaýşy ýaly, şahyryň şygyrlaryny-da okap ganyp bolmaz.
Bahar säher bilen başlady işe,
Ak süýt guýdy erikleriň üstüne.
Baldaklary gök reňke boýady,
Gülälekler al öwüsdi dessine.
Bu setirler göz öňüňe gülgün baharyň keşbini getirer.
Sen bir jadygöý sen, giden bir many,
Özüň bilen ýazlaşdyrdyň ynsany.
Maňa il-günümiň şöhraty-şany,
Nesip etsin seniň bilen ýazlarym.
Şahyr ynsan kowmuny ýazlaşdyrýan bahary jan-jigerden söýüp şygyr döredipdi. Ol al-elwan güllerinden şygyr çemenini baglap, halkyna sowgat edipdi.
Söz ussady Gurbannazar Ezizow şol bir wagtyň özünde güýzüň şahyrydy. Onuň döredijiligi güýz ýaly hasyllydy. Onuň şygyrlary dokmaňyzdy, tagamlydy. Ol güýze ähli syryny açyp, onuň bilen syr alyp, syr berşipdi.
Güýzüm! Güýzüm! Sen edep,
Sen bir nusga, sen many,
Açýan seniň öňüňde,
Syrlarymyň baryny.
Sen dumanly topragyň,
Hem çal siňen asmanyň,
Bile meniň köňlüme,
Saçýaň paýhas nuruny.
Milli medeniýetimize çuňňur sarpa goýulýan döwrümizde Gurbannazar Ezizowyň edebi mirasyna ýokary baha berildi. Paýtagtymyz Aşgabada görk berip oturan «Ylham» seýilgähinde şahyryň heýkeli bina edildi. Paýtagymyzdaky köçeleriň birine şahyryň ady dakyldy. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan şahyryň goşgular ýygyndylary çap edilip, onuň öz okan şygyrlarynyň ses ýazgyly albomy diňleýjilere gowuşdy. Munuň özi şahyryň manyly ömrüniň halkyna miras goýan şygyrlarynda dowam edýändigini görkezýär.
Jennet AGAÝEWA,
Türkmenistanyň Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy.
PDF









