10-njy fewralda Ýewropa Bileleşiginiň “klimat bitaraplygyna” barýan ýolunda täze hökmany aralyk maksady belleýän kanun Ýewropa parlamenti tarapyndan makullandy. Resminama ÝB-de ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny 2040-njy ýyla çenli 1990-njy ýyldaky dereje bilen deňeşdireniňde 90 göterim azaltmagy göz öňünde tutýar.
Emma 2036-njy ýyldan başlap, ÝB-ne agza döwletler üçünji ýurtlardan emissiýa sertifikatlaryny satyn almagyň hasabyna zyňyndylary azaltmagyň talap edilýän möçberinden bäş göterim punkta çenli öz hasabyna goşup bilerler. KNA agentligi: “Hakykatda ÝB ýurtlary öz ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny diňe 85 göterim azaltmaly bolarlar” diýip belleýär.
Binalar we ulag ulgamlarynda emissiýa sertifikatlarynyň söwdasynyň başlanmagy 2027-nji ýyldan 2028-nji ýyla geçirildi. Ýewropa komissiýanyň her iki ýyldan bir gezek Ýewropa Bileleşiginiň bellenen howa maksatlaryna nähili üstünlikli barýandygyny barlap durmagyna garaşylýar. Şunda Ýewropa Komissiýasy ylym we tehnologiýa ugrundaky iň täze maglumatlara esaslanyp, üýtgeşmeler barada teklipler girizip biler.
ÝB-niň maksady: 2050-nji ýyla çenli “klimat bitaraplygy”.
Ýyladyşhana gazlary, mysal üçin kömürturşy gazy, howanyň üýtgemegi prosesini çaltlandyrýar. Edil şonuň üçin ÝB 2050-nji ýyla çenli klimat bitaraplygyna ýetmegi özüne maksat edip goýdy. Bu ýoldaky täze aralyk maksady – 2040-njy ýyla çenli ÝB-de ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny 1990-njy ýyl bilen deňeşdireniňde 90 göterim azaltmagy — ÝB-niň klimat boýunça komissary Wopke Hukstra 2024-nji ýylyň fewralynda yglan edipdi.
2021-nji ýylda ÝB Ýewropa ykdysadyýetini we jemgyýetini 2050-nji ýyla çenli klimat taýdan bitarap etmegi kanun tarapyndan berkitdi. ÝB-niň howa baradaky kanuny şeýle hem ilkinji aralyk maksady – ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny 2030-njy ýyla çenli 1990-njy ýyl bilen deňeşdireniňde azyndan 55 göterim azaltmagy belledi. “Fit for 55”kanunçylyk paketi bu görkezijä ýetilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.
2040-njy ýyla çenli zyňyndylaryň 90 göterim azaldylmagy ÝB-niň Pariž ylalaşygyndaky borçnamalaryna we 2023-nji ýylyň iýunynda ÝB-ne ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny 2040-njy ýyla çenli 90-95 göterim azaltmagy maslahat beren ÝB-niň Klimatyň üýtgemegi boýunça ylmy-maslahat beriş geňeşiniň maslahatlaryna gabat gelýär. 2015-nji ýylyň Pariž ylalaşygy ählumumy maýlamany senagatdan öňki döwür bilen deňeşdireniňde 1,5 gradusda saklamaga gönükdirilendir.