Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeni guramasynyň (ÝUNESKO) baş direktory Odre Azule, 2017-nji ýyldan bäri gurama ýolbaşçylyk edip, bu halkara guramasynyň başlygynyň saýlawlaryna ýeke-täk dalaşgär görkezildi. Ses berişlik şu gün – 9-njy noýabrda Parižde 193 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 41-nji mejlisinde geçiriler.

“Baş direktor wezipesine dalaşgärleri hödürlemegiň möhleti mart aýynda gutaryp, başga dalaşgärler bolmady” diýip, twitter sahypasynda bellän Efiopiýanyň ÝUNESKO-daky hemişelik wekili Henok Teferra agza ýurtlaryň arasynda Azuleniň “netijeli işi we taslamalary bilen uly goldawa eýedigini” aýtdy.

Azule eýýäm özüniň täze möhlete saýlanmagyny üpjün etdi. Mejlisiň öňüsyrasynda onuň dalaşgärligini ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi hem goldady. Onuň häzirki düzüminde 58 ýurduň wekilleri bolup, halkara guramalarynyň kararlaryna möhüm täsir edýär.

Dünýäde dowam edýän koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ÝUNESKO-nyň başlygynyň saýlawlarynda ähli sanitariýa düzgünlerine berk berjaý ediler. Maslahatlar zalyna diňe ses berijiler kabul ediler.