Koreýa Respublikasynyň Statistika edarasy ýurduň paýtagty Seuldaky 1 million 660 müň ýaşaýyş öýünde bir adamyň ýaşaýandygyny mälim etdi. Bu bolsa şäherdäki öýleriň 40 göterimine gabat gelýär. “The Korea Herald” neşiriniň habaryna görä, bu görkeziji 2023-nji ýylda 1 million 630 müň bolupdyr. Şeýle hem şäherdäki öýleriň 26,2 göteriminiň 2 adamyň ýaşaýandygy mälim edildi. Mundan başga-da, ilatyň arasynda garrylaryň sany hem artýar. Maglumata görä, paýtagtyň öýleriniň 30 göteriminden gowragynda ýaşy 65-den uly bolan azyndan bir adam ýaşaýar.
Seulda 2023-nji ýylda 36 müň 324 jübüt nikalaşypdyr. Geçen ýyl bu görkeziji 42 müň 471 bolup, ozalky ýyldakydan 16,9 göterim ýokary bolupdyr.