Bütindünýä ýel energiýasy bileleşiginiň (WWEA) geçen ýyla degişli taýýarlan maglumatyna görä, ýel energiýasynyň ösüşi ýylsaýyn artýar. 2024-nji ýylda bu ugurda dünýäde 11,9% ösüş gazanylan bolsa, geçen ýyl bu görkeziji 14,3%-e ýetipdir. Sebitler babatda alnanda, käbir ýurtlarda has ýokary ösüş hasaba alnypdyr. Degişli döwürde Wýetnam 50,8% ösüş bilen birinji bolupdyr. Çilide 23,9%, Hytaýda 23,2% we Hindistanda 13,1% ösüş hasaba alnypdyr.
Ýylyň dowamynda bütin dünýäde önümçilik kuwwaty 169 müň 14 megawat täze beketler işe girizilipdir. Bu pudagyň umumy önümçilik kuwwaty 1 million 346 müň 866 megawata ýetipdir. Şeýlelikde, dünýäde elektrik energiýasynyň 11 göteriminden gowragy ýel beketlerinden alyndy.
Diňe Hytaýda önümçilik kuwwaty 130 müň megawat bolan täze beketler guruldy. Şeýlelikde, täze gurlan ýel beketleriniň 77 göterimi bu ýurda degişli boldy. Netijede, dünýäniň umumy önümçiliginiň ýarysyndan gowragy Hytaýa degişli boldy.
Hindistan bolsa, önümçilik kuwwaty 6 müň 300 megawat bolan täze ýel beketlerini gurup, bu ugurda ABŞdan öňe geçdi. Üçünji ýerdäki ABŞ-da bolsa, önümçilik kuwwaty 6 müň 272 megawat bolan täze desgalar guruldy.
Gülşat Ömürkulowa,
Hojambaz etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň mugallymy.
PDF









