Günorta Amerikanyň Çempionlar Ligasy bolan Kopa Libertadores ýaryşynda finala çykan toparlar belli boldy. Yklymyň iň uly klub ýaryşy bolan bäsleşigiň finalynda 2 brazil kluby “Palmeiras” bilen “Flamengo” duşuşar. Milli çempionatda-da çempionlyk ugrunda göreş alyp iki klub 2021-nji ýylda-da finalda duşuşypdy. Şol finalda “Palmeiras” 2-1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Ýarym finalyň jogap oýunlarynda “Palmeiras” topary taryhy kembek etmegi başardy. Öz meýdançasynda Ekwadoryň “LDU Kuito” topary bilen duşuşan sao-paulular 4-0 hasabynda ýeňiş gazandy. 1-nji oýunda 3-0 hasabynda asgyn gelen “Palmeiras” jogap duşuşygynda her ýarymda 2 gol geçirmegiň hötdesinden geldi. Brazil klubuna ýeňiş getiren gollary Sosa (20), Bruno Fuks (45+5) hem-de Weiga (68, 82 p) geçirdi. Şeýlelikde, 2 oýnuň netijesi boýunça 4-3 öňe saýlanan “Palmeiras” soňky 6 ýylda 3-nji gezek finala çykmagy başardy.

“Palmeirasyň” finaldaky bäsdeşi “Flamengo” bolar. “Flamengo” topary ýarym finalda Argentinanyň “Rasing” topary bilen duşuşdy. Öz meýdançasynda Karraskalyň 88-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen ýeňen “Flamengo” toparyna bu ýeňiş ýeterlik boldy. Jogap duşuşygynda hasap açylmady we “Flamengo” topary soňky 7 ýylda 4-nji gezek finalda oýnamaga hukuk gazandy.

“Palmeiras” topary bu ýaryşda 3 gezek çempionlyk gazanyp, 1999-njy, 2020-nji we 2021-nji ýyllarda kubogy eýeläpdi. 1961-nji, 1968-nji we 2000-nji ýyllarda bolsa finalda ýeňlipdi.

“Flamengo” toparynyň hem 3 çempionlygy bolup, 1981-nji ýyldan soň 2019-njy we 2022-nji ýyllarda çempionlyk gazanmagy başardy. Riolylar diňe 1 gezek, ol hem 2021-nji ýylda “Palmeirasdan” finalda ýeňildiler.

Kopa Libertadores ýaryşynyň finalynda bassyr 2-nji, soňky 6 ýylda 5-nji, umumylykda bolsa 7-nji gezek 2 brazil topary duşuşar. Bu ýylky final duşuşygy 29-njy noýabrda Perunyň paýtagty Limadaky 80 müň 93 orunlyk “Monumental” stadionynda oýnalar.