Kanadanyň “Moon World Resorts” kompaniýasy adamlara Ýeriň özünde Aýyň üstünde ýören ýaly duýguny bermek üçin täze “Moon” taslamasyny hödürledi. Bu äpet gurluşyk amala aşyrylsa dünýäniň iň uly we iň beýik hakyky sferik binasy bolar.
Taslamanyň tehniki aýratynlyklaryna görä, binanyň beýikligi 312 metre diametri bolsa, 271 metre barabar bolar. Desganyň merkezi böleginde 4000 otagly kaşaň myhmanhana ýerleşer. Şonuň bilen birlikde binanyň aşaky gatlarynda uly göwrümli kongres merkezleri dabaralar üçin meýdançalar we dürli restoranlar hyzmat eder.
Binasynyň iň esasy özüne çekiji tarapy bolsa onuň içindäki hakyky Aý nusgasydyr. Bu ýere gelýän myhmanlar ýörite döredilen şertlerde Aýyň ýüzünde gezelenç etmegiň nähilidigini öz bedenlerinde duýup bilerler. Inženerler bu täsin effektiň nähili dörediljekdigini häzirlikçe syr hökmünde saklaýarlar.
Gurluşygyň anyk ýeri heniz kesgitlenmedi emma dalaşgär ýurtlaryň arasynda BAE, Saud Arabystany, ABŞ, Hytaý, Awstraliýa, Braziliýa, Müsür, Hindistan, Polşa, Ispaniýa we Tailand ýaly döwletler bar. Kompaniýanyň hünärmenleri ähli işler meýilleşdirilişi ýaly gitse bu üýtgeşik desganyň 2032-nji ýyla çenli açylyp bilinjekdigini mälim etdiler.
Häzirki wagtda bu taslama konsepsiýa tapgyrynda durýar we onuň durmuşa geçirilmegi üçin ägirt uly maýa goýumlary talap edilýär.
PDF








