Ada­da ýi­tip git­mek how­py aban­ýan Tris­tan al­bat­ro­sy­ny we At­lan­tik sa­ry bu­run­ly al­bat­ro­syny hem-de de­mir­ga­zyk rok­hop­per ping­wi­ni­ni gör­mek bol­ýar.

Wul­kan ar­hi­pe­la­gy­nyň bir ada­sy bo­lan Tris­tan-da-Kun­ýa Gü­nor­ta Af­ri­ka­nyň Keýp­ta­un şä­he­rin­den 2750 ki­lo­metr we Ar­gen­ti­na­nyň Bue­nos-Aý­res şä­he­rin­den 4000 ki­lo­metr uzak­lyk­da ýer­leş­ýär. Pla­ne­ta­my­zyň iň uzak­da­ky ilat­ly ýe­ri ha­sap­lan­ýan bu ada­nyň 300 tö­we­re­gi ila­ty bar. Ba­lyk­çy­la­ryň ara­syn­da «Gü­nor­ta At­lan­ti­ka­nyň der­we­ze­si» ady bi­len bel­li bo­lan wul­kan ar­hi­pe­la­gy 6 ada­ny öz içi­ne al­ýar. De­mir­ga­zyk ke­na­ry – Tris­tan-da-Kun­ýa ada­sy ar­hi­pe­la­gyň ýe­ke-täk otu­rym­ly ýe­ri bo­lup, beý­le­ki 5 ada­da ilat ýa­şa­ma­ýar. Ada­nyň ilat­ly ýe­ri baş­ga­ça «Ýe­din­ji deň­ziň Edin­bur­gy» diý­lip hem at­lan­dy­ryl­ýar. Gü­nor­ta At­lan­ti­ka­da­ky bu uzak ada­lar 2000-nji ýyl­la­ra çen­li köp­çü­li­ge bel­li däl­di. Di­ňe Gü­nor­ta Af­ri­ka­dan we Hin­di um­ma­ny­na bar­ýan ýol­dan gä­mi­li geç­ýän ba­lyk­çy­lar bu ýer­de adam­la­ryň ýa­şa­ýan­dy­gy­ny bil­ýär­di­ler. 2011-nji ýyl­da ge­çi­ri­len «Wol­wo Açyk 70» um­man ýa­ry­şyn­dan soň, Tris­tan-da-Kun­ýa ada­sy te­le­ýaý­lym ar­ka­ly köp­çü­li­ge mä­lim edil­ýär.
207 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny tut­ýan Tris­tan-da-Kun­ýa ada­sy dün­ýä­niň iň uly de­ňiz go­rag­ha­na­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu ada­nyň go­la­ýyn­da kit, aku­la, del­fin, de­ňiz leň­ňe­ji, ok­to­pus, tu­na ba­ly­gy we baş­ga-da bir­to­par de­ňiz jan­dar­la­ry ýa­şa­ýar. Ada­da ýi­tip git­mek how­py aban­ýan Tris­tan al­bat­ro­sy­ny we At­lan­tik sa­ry bu­run­ly al­bat­ro­syny hem-de de­mir­ga­zyk rok­hop­per ping­wi­ni­ni gör­mek bol­ýar.

Wulkan adasynyň aýratynlyklary:

Ýe­riň iň uzak ada­sy­na iň ýa­kyn ýer Gü­nor­ta Af­ri­ka­nyň Keýp­ta­un şä­he­ri bo­lup, bu şä­her­den ada ga­ýyk­ly 6 gün­de ba­ryp bol­ýar.
Wul­kan ada­sy­ny il­kin­ji ge­zek 1506-njy ýyl­da por­tu­ga­li­ýa­ly göz­leg­çi Joao de No­wa gör­ýär. Em­ma de­ňiz­dä­ki ho­wa şert­le­ri se­bäp­li ada ba­ryp bil­me­ýär. 140 ýyl­dan soň ada adam aýa­gy bas­ýar we bu ýe­re por­tu­ga­li­ýa­ly de­ňiz ad­mi­ra­ly Tris­tan-da-Kun­ýa­nyň ady da­kyl­ýar.
Ýo­kar­dan se­re­de­niň­de te­ge­lek we mer­ke­zi çü­re­lip du­ran ada­nyň iň be­ýik no­ka­dy 2 müň 82 met­re ýet­ýär.
Ada­nyň or­ta­ça tem­pe­ra­tu­ra­sy ýy­lyň äh­li pas­lyn­da sal­kyn de­re­je­de sak­lan­ýar. Ýy­gy-ýy­gy­dan ýa­gyş ýa­gyp, güýç­li ha­ra­sat tur­ýar. Köp­lenç ada­nyň de­pe­si­ni bu­lut ört­ýär. Açyk we gü­neş­li gün­ler seý­rek bol­ýar. Ada­nyň de­ňiz de­re­je­sin­den 500 metr­den be­ýik ýer­le­ri gy­şy­na gar bi­len ör­tül­ýär.
Ada­da iň soň­ky ge­zek 1961-1962-nji ýyl­lar­da wul­kan atyl­ýar. Şol ýyl­lar­da ilat wagt­la­ýyn Ang­li­ýa äki­dil­ýär.
Ada­nyň esa­sy di­li iň­lis di­li bo­lup, ýa­şaý­jy­lar ada­ty gep­le­şik­de pa­tua di­li­ni ulan­ýar­lar.
Tris­tan-da-Kun­ýa­da söw­da-sa­tyk iş­le­rin­de iň­lis funt ster­lin­gi ula­nyl­ýar. Bu ýer­de kart amal­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­ti­rip bol­ma­ýar. Şol se­bäp­li di­ňe nagt pul ula­nyl­ýar.
Bu ada­nyň ýa­şaý­jy­la­ry as­ly iň­lis, Ni­der­land­lar­dan gö­çüp ge­len 15 adam­dan ýaý­rap, 275-e ýe­tip­dir.
Ada­da teh­no­lo­gik en­jam­lar çäk­li bo­lup, hal­kyň tomaşa etmegi üçin ýe­ke­je te­le­ýaý­lym bar.
Wul­kan ada­syn­da 3,5 ki­lo­metr­lik as­falt dü­şe­len ýol bo­lup, 125 sa­ny ulag se­riş­de­si we ýe­ke­je po­li­si­ýa iş­gä­ri bar. Ol ýol he­re­ke­ti­niň ka­da­la­ry­na we howp­suz­lyk iş­le­ri­ne gö­zeg­çi­lik ed­ýär.
Ada­da­ky äh­li ýer­ler umu­my eýe­çi­li­ge de­giş­li bo­lup, esa­san, eke­ran­çy­lyk bi­len meş­gul­la­nyl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, ba­lyk­çy­lyk ada­da ösen pu­dak ha­sap­lan­ýar.
Sy­ýa­hat­çy­lar wul­kan ada­sy­na seý­rek ýag­daý­da bar­ýar­lar. Ada­da myh­man­ha­na ýok, şol se­bäp­li ge­ze­lenç et­mä­ge ba­ran­lar ýa­şaý­jy­la­ryň öý­le­rin­de myh­man bol­ýar­lar.