Adamlar köp ýyldan bäri gije-gündiziň hem-de Ýeriň Günüň daşyndan aýlanýan wagtynyň, ýagny ýylyň dowamlylygyny ölçemek üçin dürli wagt birliklerini ulanypdyrlar. Uzak ýyllaryň dowamynda gelnen netijede bir ýyl 365,25 günden ybarat diýlip kesgitlenipdir. Şeýlelikde, her senenama ýyly 365 günden, dört ýyldan bir gezek bolsa, 366 günden durýar. Geçirilen soňky barlaglara görä, Ýeriň tizligi Aýdan gelýän tolkunlaryň döredýän sürtülmesi sebäpli haýallaýar. Bu ýagdaý Ýeriň Günüň daşyndan aýlanýan tizligini bir asyrda 1,7 millisekunt uzaldýar. Bu örän ujypsyz bolup, häzirki wagt ölçegine hiç hili täsir etmeýär.
PDF









