18-19-njy sentýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy ýokary derejede geçiriler. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi tarapyndan guralýan ýylyň esasy ykdysady wakasy bolan TIF eýýäm ikinji gezek geçirilýär. Forum (TIF 2025) ösüşiň we hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin häkimiýet edaralarynyň, işewür toparlarynyň we halkara maýa goýum jemgyýetiniň wekillerini birleşdirer. Foruma ýerli we halkara kompaniýalar hem hemaýatkär bolup çykyş edýärler. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň öňdebaryjy senagat we tehnologiýa liderleriniň biri bolan “Aýdyň gijeler” hem bar. Kompaniýa Türkmenistanyň senagat ösüşine we importuň ornuny tutmak syýasatyny durmuşa geçirmäge uly goşant goşýar. Häzirki wagtda kärhana kabelleri, yşyklandyryş sütünlerini, elektron tehnikalary, plastmassa we SIM-kartalary, ýolyşyklary, ýol infrastrukturasyny öndürmek, şeýle hem IT-çözgütleri we integrasiýa taslamalaryny ornaşdyrmak bilen meşgullanýar. Forumyň Baş hemaýatkäri hökmünde çykyş edýän “Aýdyň gijeler” TIF 2025-iň geçirilmegini goldap, Türkmenistanyň durnukly ösüşine ygrarlydygyny, açyk gepleşiklere we täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga taýýardygyny tassyklaýar.
Türkmenistanyň gurluşyk pudagyndaky öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan «Ojar Aziýa» hususy kärhanasy hem hemaýatkärlik edýär. Kärhana 2008-nji ýyldan bäri üstünlikli taslamalary durmuşa geçirip, binalaryň we desgalaryň gurluşygynda uly tejribe toplady, şeýle hem ýokary hilli gurluşyk materiallaryny öndürýär we dürli tehnikalary hem-de ulag hyzmatlaryny hödürleýär. «Ojar Aziýa» häzirki zaman önümçilik bazasyna we 400-den gowrak tehnikadan ybarat awtoparka eýedir.
Forumyň hemaýatkärleriniň arasynda Koreýa Respublikasynyň “DAEWOO Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasy hem bar. 1973-nji ýylda döredilen inženerçilik we gurluşyk kompaniýasy döredilen gününden bäri gurluşyk pudagynda, içerki hem halkara bazarlarynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Kompaniýa uniwersal dizaýner hökmünde gurluşyk, maliýeleşdiriş, infrastruktura we energetika ösüşi ýaly taslamalary amala aşyryp, jemgyýet üçin gymmatlyk döredýär. Kompaniýanyň esasy ugurlary: ýylylyk, atom we tolkun elektrik stansiýalarynyň, LNG (suwuklandyrylan tebigy gaz) terminallarynyň, ýaşaýyş we söwda binalarynyň, awtomobil ýollarynyň we köprüleriniň gurluşygy. Häzirki wagtda kompaniýa 30-dan gowrak ýurtda iş alyp barýar we 13 ýurtda golçur kärhanalary bar.
“DAEWOO E&C” forumyň Premýer hyzmatdaşy bolup, bu ýagdaý kompaniýanyň ýokary derejesini hem-de Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine bolan strategik gyzyklanmasyny tassyklaýar.
“John Deere” kompaniýasy bolsa, halkara forumyň Baş hemaýatkäri hökmünde çykyş edýär. 1837-nji ýylda döredilen amerikan transmilli korporasiýasy, dünýäde oba hojalyk, gurluşyk we tokaý tehnikasyny öndürmekde öňdebaryjylaryň biridir. “John Deere” 1994-nji ýylda “Case IH” we “Claas” ýaly iri brendler bilen bilelikde Türkmenistanda işläp başlady. Şondan bäri kompaniýanyň tehnikalary ýurduň agrosenagat toplumynda berk orun eýeläp, oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrüldi.
2017–2020-nji ýyllarda Türkmenistana 1 müň 350 sany oba hojalyk tehnikasy getirildi. Şolaryň arasynda “John Deere 9970” pagta ýygyjy kombaýnlary (2017–2018-nji ýyllarda 440 sany, 2019–2020-nji ýyllarda 600 sany), şeýle hem “W540” kombaýnlary, “8245R” traktorlary we 3810 pluglary bar. Mundan başga-da, hususy oba hojalyk kärhanalarynyň aýratyn sargytlary boýunça 785 sany tehnika getirildi. Olaryň arasynda 287 traktor, 48 kombaýn we 450 sany beýleki tehnika bar.
Şu ýylyň maý aýynda Lebap welaýatynda “John Deere M732i” özi ýöreýän pürküjileriň täze tapgyry tanyşdyryldy. Tanyşdyryş dabarasy Türkmenabat oba hojalyk okuw jaýynyň mugallymlaryna we talyplaryna görkezme bilen bilelikde geçirildi, bu bolsa kompaniýanyň hünärmen taýýarlamaga uly üns berýändigini görkezdi.