Weng­ri­ýa Azi­ýa­da­ky wen­ger kom­pa­ni­ýa­la­ry üçin tä­ze ma­li­ýe çeş­me­le­ri­ni aç­mak mak­sa­dy bi­len Ýew­ra­zi­ýa Ösüş Ban­ky­na (ÝÖB) go­şul­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.
Bu ba­ra­da Weng­ri­ýa­nyň Da­şa­ry iş­ler we söw­da mi­nist­ri Pe­ter Siý­ýar­to Ga­za­gys­ta­na ed­en sa­pa­ry­ndan soň mä­lim et­di. Bu ädim Weng­ri­ýa­nyň hö­kü­me­ti­niň «Gün­do­ga­ryň açyl­ma­gy» at­ly dip­lo­ma­tik dokt­ri­na­sy­nyň bir bö­le­gi bo­lup, Ýew­ro­pa­da esa­sy Bu­da­peşt-Belg­rad de­mir ýo­lu­ny gur­ýan Hy­taý bi­len ýa­kyn gat­na­şyk­la­ry gur­ma­gy öz içi­ne al­ýar.
– Bu (ÝÖB-e go­şul­mak) Weng­ri­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň Ýew­ra­zi­ýa ba­zar­la­ryn­da has-da üs­tün­lik ga­zan­ma­gy­na kö­mek et­mek üçin tä­ze ma­li­ýe çeş­me­le­ri­ni aç­ma­ga ýar­dam be­rer – di­ýip, Siý­ýar­to aýt­dy.
Rus­si­ýa we Ga­za­gys­tan ta­ra­pyn­dan 2006-njy ýyl­da dö­re­di­len ÝÖB, ag­za ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni, ola­ryň ara­syn­da­ky söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­me­gi we ma­ýa go­ýum­la­ry ar­ka­ly Ýew­ra­zi­ýa­nyň in­teg­ra­si­ýa­sy­ny gol­da­ma­gy mak­sat edin­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ÝÖB öň­ki so­wet Res­pub­li­ka­sy­nyň al­ty­sy­ny öz içi­ne al­ýar. Gu­rul­ýan de­mir ýol­lar Hy­taý kom­pa­ni­ýa­la­ry üçin tä­ze da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ry­ny aç­ma­gy mak­sat edin­ýän Pe­ki­niň «Bir gu­şak, bir ýol» baş­lan­gy­jy­nyň bir bö­le­gi­dir.