24-nji ýanwarda Türkmenistanyň DIM-inde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 2024-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelerine we 2025-nji ýyldaky geçiriljek çärelere we duşuşyklara bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy hanym Beata Peksa çykyş etdiler.
Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Brýussel şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça ýörite wekili Olof Skug bilen duşuşdy. Duşuşykda Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekildi. Aprel aýynda Türkmenistanyň mejlisinde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, hanym Teri Hakala hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça ýörite wekili Eamon Gilmor bilen duşuşygy boldy.
Maý aýynda Daşary işler ministrliginde “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahat geçirildi. Çykyşlarda ýokarda aýdylanlardan başga-da, ÝB bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini çözmäge gönükdirilen ýörite taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde, hususan-da, Ýewropa Bileleşigi – Türkmenistan boýunça bilelikdäki komitetiniň, Parlamentara dialogyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň çäklerinde netijeli ösdürilendigi nygtaldy.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň syýasy, ykdysady we gumanitar hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça birnäçe giň gerimli işler alynyp barylýar. Şundan ugur alyp, çykyşlarda berlen maglumatlara görä, şu aşakdaky çäreleriň geçirilmegine garaşylýar. 2025-nji ýylda Aşgabatda Parlamentara gepleşigiň nobatdaky duşuşygy hem-de Merkezi Aziýa we ÝB ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 20-nji mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle-de, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa Komissiýasynyň komissarynyň Türkmenistana sapar etmegine garaşylýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň, Ýewropa Geňeşiniň hem-de Ýewropa Komissiýasynyň başlyklarynyň arasynda şu ýylyň aprelinde Samarkantda duşuşyk geçiriler. Türkmenistanda aýratyn ähmiýet berilýän gender syýasatynyň ileri tutulýandygy bilen baglylykda, aprel aýynyň ilkinji on günlüginde Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň zenan liderleriniň forumyny guramak meýilleşdirilýär.
Iki taraplaýyn we sebitleýin derejede dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmegiň tejribesine daýanmak bilen, Aşgabat gumanitar hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär. Hususan-da, “Horizon Europe” we “Marie Sklodowska-Curie Actions” maksatnamalarynyň çäklerinde Ýewropa Komissiýasynyň maksatnamalary boýunça ylym-bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de Ýewropa gözleg geňeşi (ERC) bilen akademik aragatnaşyklary ösdürmek meýilleşdirilýär.
“Horizon Europe” – Ýewropa Bileleşiginiň ylmy barlaglar we innowasiýalar babatynda esasy maliýeleşdiriş maksatnamasydyr. Maksatnama, ylmy barlaglaryň we innowasiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak arkaly ÝB syýasatlaryny goldamaga hem-de dünýä derejesindäki meseleleriň çözgüdine kömek edýär. “Marie Sklodowska-Curie Actions” (MSCA) maksatnamasy “Horizon Europe” maksatnamasynyň bir bölegi bolup, doktorlyk we postdoktorlyk derejesindäki alymlary taýýarlamak boýunça Ýewropa Bileleşiginiň esasy maksatnamasydyr. Türkmenistanyň Bilim ministrliginde we Ylymlar akademiýasynda bu ugurda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak boýunça degişli işleri geçirilýär.
2025-nji ýylda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işler dowam etdiriler, diýip çykyş edenler ynam bilen bellediler.