Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň umumy ilatynyň 450 milliondan geçendigi mälim edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) “Hakyky dogrum çökgünligi” atly maglumatynda dünýäniň köp ýerinde islendik sanda çaga edinmek maksadyna ýetip bolmaýar.
Ýewropa statistika edarasy (Eurostat) Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, ilat sany barada maglumat ýaýratdy. Bellenilişine görä, 27 agzaly Ýewropa Bileleşiginiň ilaty geçen ýylyň başynda 449,3 million bolan bolsa, şu ýylyň başynda 450,4 milliona ýetipdir.
Germaniýa 83,6 million ilaty bilen sebitiň iň köp ilatly ýurdy bolmagynda galýar. Fransiýanyň 68,6 million, Italiýanyň 58,9 million, Ispaniýanyň 49,1 million, Polşanyň 36,5 million, Rumyniýanyň 19 million, Niderlandlaryň 18 million we Belgiýanyň 11,9 million ilaty bar.
Iň az ilatly ýurtlar bolsa Lýuksemburg (681 müň) bilen Malta (574 müň). Ýewropa Bileleşiginde ilatyň sany 2021-nji ýylda pandemiýa sebäpli azalypdyr. Şondan soňky 4 ýylda hem ilatyň artyşy dowam etdi. Ilatyň artmagynda migrantlaryň täsiriniň uludygy bellenildi.
Maglumatlara görä, dünýäde ömrüň dowamlylygynyň artmagy, çaga dogluşynyň azalmagy gartaşan nesliň köpelmegine getirýär. UNFPA-nyň maglumtyna görä, 2023-nji ýylda dünýäde 65 ýaşdan ýokary 809 million adam ýaşaýardy. Bu görkezijiniň 2050-nji ýylda 1,6 milliarda, ýüzýyllygyň ahyrynda 2,4 milliarda ýetmegine garaşylýar.