Ýewropa Bileleşigi bilen Hytaýyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, durnukly we güýçli bolmagynda galýar. Şu ýylyň birinji ýarymynda Hytaý ÝB-niň iň uly söwda hyzmatdaşy derejesini saklady. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň statistika býurosy “Eurostat” tarapyndan habar berildi.
Maglumatlar ýylyň birinji ýarymynda ÝB-den haryt eksportynyň mukdarynyň 1,0489 trillion ýewro barabar bolandygyny, ýyllyk 13,8 göterim ýokarlanandygyny görkezýär; import 964,5 milliard ýewro boldy we 13,9 göterim ýokarlandy. Ýewropa Bileleşigi Hytaýa bahasy 112,6 milliard ýewro deň bolan haryt eksport etdi, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 20,2 göterim köp we Hytaýdan 210,1 milliard ýewro haryt import etdi, bu bolsa ýyllyk görkezijiden 15,5 göterim köp.
“Eurostat”-yň habaryna görä, iýun aýynda Ýewropa Bileleşiginiň harytlarynyň eksportynyň mukdary 188,3 milliard ýewro bolup, ýyllyk mukdary 22,3 göterim ýokarlandy; importyň mukdary 173,5 milliard ýewro boldy we 29,6 göterim ýokarlandy. Şol döwürde ýewro zolakdan haryt eksportynyň mukdary ýyllyk 23,8% ýokarlandy we 209,9 milliard ýewro boldy; importy 28,2 göterim ýokarlanyp, 191,8 milliard ýewro boldy.
2020-nji ýylda dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, Ýewropa Bileleşigi bilen Hytaýyň arasyndaky söwda ösdi. Şol bir wagtyň özünde Hytaý Ýewropa Bileleşiginiň iň uly söwda hyzmatdaşy hökmünde ABŞ-dan öňe geçdi.