Ýewropa ýanwar aýynyň ilkinji günlerinde her günde diýen ýaly, 400 million kubmetr suwuklandyrylan tebigy gaz (STG) import edýär. Bu görkeziji dekabr aýynyň ortaça görkezijisinden birneme pesdir diýip, “RIA Nowosti” Ýewropanyň gaz infrastrukturasynyň operatorlarynyň assosiasiýasynyň (Gas Infrastructure Europe) maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
STG terminallaryndan gaz transport ulgamyna iberilen önümiň mukdary 1-nji ýanwarda, takmynan, 393 million kubmetre, ertesi bolsa 396 million kubmetre golaý boldy. Dekabr aýynda bu görkeziji ortaça bir gije-gündizde 411 million kubmetr bolupdy (degişlilikde, 4,6% we 3,8% köp).
2025-nji ýylyň dekabr aýyndaky import 12,7 milliard kubmetr boldy, bu bolsa noýabr aýynyň görkezijisinden 1,9%, 2024-nji ýylyň dekabryndan bolsa, 21,5% köpdür.
Ýewropa 2025-nji ýylda STG importynyň rekordyny täzeledi. Görkeziji 142 milliard kubmetre ýetdi, bu bolsa ýyllyk hasapda 27,5% köpdür.