12-18-nji mart ara­ly­gyn­da Hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk­lar bo­ýun­ça Ýew­ro­pa ko­mis­sa­ry Ýo­zef Si­ke­la ÝB-Mer­ke­zi Azi­ýa sam­mi­ti­niň öňü­sy­ra­syn­da ÝB-Mer­ke­zi Azi­ýa hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, şeý­le hem iş ýer­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ne we dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şe gö­nük­di­ri­len ÝB-niň ma­ýa go­ýum stra­te­gi­ýa­sy – “Glo­bal Ga­te­way” baş­lan­gy­çy­ny art­dyr­mak üçin Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň bäş döw­le­tin­de sa­par­da bo­lar.
Ko­mis­sar Si­ke­la: “Mer­ke­zi Azi­ýa Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň mö­hüm hyz­mat­da­şy­dyr we bi­ziň hyz­mat­daş­ly­gy­myz gel­jek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Hä­zir­ki äh­lu­mu­my sy­nag­lar öň­kü­sin­den hem has güýç­li berk hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ryň äh­mi­ýe­ti gör­kez­ýär we men ola­ry sa­pa­ry­myň do­wa­myn­da pug­ta­lan­dyr­ma­ga mak­sat edin­ýä­rin. Me­niň mak­sa­dym – ýo­ka­ry hil­li iş ýer­le­ri­ni dö­ret­mek, bi­lim­den baş­lap döw­re­bap inf­rast­ruk­tu­ra çen­li esa­sy hyz­mat­la­ry gow­la­mak we işe­wür­lik üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­mak ug­run­da ÝB we Mer­ke­zi Azi­ýa­dan hyz­mat­daş­la­ryň bi­le­lik­de öňe sür­ýän “Glo­bal Ga­te­way” baş­lan­gy­çy­nyň esa­sy tas­la­ma­la­ryn­da ün­sü­ni jem­le­mek.” – di­ýip bel­le­di.
Ko­mis­sar Si­ke­la­nyň sa­pa­ryn­da “Glo­bal Ga­te­way” baş­lan­gy­çy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa­da esa­sy ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryn­da şu aşak­da­ky­lar:
– ýo­la sarp edil­ýän wag­ty tyg­şyt­la­mak we söw­da­ny hö­wes­len­dir­mek üçin Ha­za­rüs­ti ulag ge­çel­ge­si­niň ösü­şi­ne aý­ra­tyn üns be­rip, ulag pu­da­gy;
– öň­de­ba­ry­jy usul­la­ra, tä­ze iş ýer­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ne we yk­dy­sa­dy dur­nuk­ly­ly­gyň art­dy­ryl­ma­gy­na üns be­rip, mö­hüm çig mal­lar pu­da­gy;
– san­ly ara­ta­pa­wu­dy azalt­ma­ga we howp­suz ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net ara­gat­na­şy­gy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len san­ly ara­gat­na­şyk pu­da­gy;
– yg­ty­bar­ly, gym­mat bol­ma­dyk we aras­sa ener­gi­ýa­nyň el­ýe­ter­li­li­gi­ne ýar­dam ber­mek üçin dur­nuk­ly inf­rast­ruk­tu­ra­nyň gur­lu­şy­gy­na gol­daw ber­mek bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy tas­la­ma­ny öz içi­ne alyp, suw baý­lyk­la­ry­nyň, ener­ge­ti­ka­nyň we ho­wa pu­dak­la­ry esa­sy üns mer­ke­zin­de bo­lar.
Sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da, ko­mis­sar ýo­kar­da gör­ke­zi­len dört sa­ny esa­sy ile­ri tu­tul­ýan pu­dak­lar bi­len bag­ly bir­nä­çe şert­na­ma­la­ra gol çe­ker.
Ko­mis­sa­ryň sa­pa­ry Türk­me­nis­tan­dan baş­lap, ol ýur­du­myz­da hö­kü­met ýol­baş­çy­la­ry, şeý­le hem hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri bi­len du­şu­şyk ge­çi­rer. Ko­mis­sa­ryň Ha­za­rüs­ti ulag ge­çel­ge­si­niň ösü­şi üçin wa­jyp stra­te­gik no­kat bo­lan Türk­men­ba­şy por­tu­na bar­ma­gy hem me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Ga­za­gys­tan­da ko­mis­sar hö­kü­me­tiň ýo­ka­ry de­re­je­li we­kil­le­ri bi­len du­şu­şar, ulag we çig mal­la­ryň mö­hüm gör­nüş­le­ri pu­dak­la­ryn­da iki­ta­rap­la­ýyn we se­bit­le­ýin yla­la­şyk­la­ryň gol çe­ki­liş da­ba­ra­sy­na, met­bu­gat-mas­la­hat­la­ry­na gat­na­şar, şeý­le hem Ga­za­gys­tan­da we ÝB-de işe­wür­li­giň we­kil­le­ri bi­len du­şu­şar.
Tä­ji­gis­tan­da ko­mis­sar ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry bi­len bir­nä­çe du­şu­şyk­la­ry ge­çi­rer. Soň­ra bol­sa ýa­şyl ener­ge­ti­ka ge­çi­şe we pag­ta­nyň ýer­li gym­mat eme­le ge­ti­riş zyn­jy­ry­nyň ösü­şi­ne gol­daw ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len ýo­ka­ry äh­mi­ýet­li tas­la­ma­la­ryň gol çe­ki­liş da­ba­ra­sy ge­çi­ri­ler. In­di­ki gün bol­sa, ko­mis­sar mun­dan beý­läk gol­daw ber­mek müm­kin­çi­lik­le­ri­ne se­ret­mek üçin mö­hüm des­ga bo­lan Ro­gun gid­roe­lekt­rik stan­si­ýa­sy­na ba­rar.
Gyr­gy­zys­tan­da ko­mis­sar hö­kü­me­tiň ýo­ka­ry de­re­je­li we­kil­le­ri bi­len du­şu­şar we suw baý­lyk­la­ry, ener­ge­ti­ka, ulag we adam ösü­şi ugur­la­ryn­da tas­la­ma­la­ra gol çe­ki­liş da­ba­ra­la­ry­na gat­na­şar. Ol şeý­le hem, ýur­da Bü­tin­dün­ýa ban­ky, Azi­ýa­nyň ösüş ban­ky we Ýew­ro­pa­nyň di­kel­diş we ösüş ban­ky ta­ra­pyn­dan ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­la­şar. “Kam­bar­tin GES-1” tas­la­ma­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na müm­kin bo­lan gol­da­wy ber­mek hem bu ýer­de ga­ral­jak mow­zuk­la­ryň bi­ri bo­lar. Mun­dan baş­ga-da, ko­mis­sar ýaş­la­ryň we BMG-niň we­kil­le­ri du­şu­şar.
Ko­mis­sar sa­pa­ry­ny Öz­be­gis­tan­da jem­lär we ol ýer­de hö­kü­me­tiň ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­la­ry bi­len du­şu­şyk­la­ry ge­çi­rer. Ol Al­ma­lyk dag-mag­dan kom­bi­na­dy­na ba­rar, şeý­le hem öz­bek we ýew­ro­pa te­le­ke­çi­le­ri bi­len gep­le­şik­le­ri ge­çi­rer. Er­te­si gün ol san­ly ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da se­bit­le­ýin tas­la­ma­la­ra gol çe­ki­liş da­ba­ra­sy­na gat­na­şar.
Sa­par “Te­am Eu­ro­pe” ru­hun­da ge­çi­ri­ler: mis­si­ýa­nyň dür­li tap­gyr­la­ryn­da ÝB-niň ma­li­ýe eda­ra­la­ry, Ýew­ro­pa ma­ýa go­ýum ban­ky, Ýew­ro­pa­nyň di­kel­diş we ösüş ban­ky, şeý­le hem ÝB-niň hu­su­sy pu­da­gy we se­bit­de he­re­ket ed­ýän Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­ler gat­na­şar. Ap­rel aýy­nyň ba­şyn­da ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek ge­çi­ril­jek ÝB-Mer­ke­zi Azi­ýa sam­mi­ti, şeý­le hem iýun aýyn­da ge­çi­ril­jek “Glo­bal Ga­te­way” fo­ru­my ÝB bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň uzak möh­let­li ne­ti­je­le­re bo­lan yg­rar­ly­ly­gy­ny has-da pug­ta­lan­dy­rar.

“Glo­bal Ga­te­way” dün­ýä ma­ýa go­ýum ara­ta­pa­wu­dy­ny ke­melt­mä­ge we san­ly, ener­ge­ti­ka we ulag pu­dak­la­ryn­da akyl­ly, aras­sa we howp­suz ara­gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge, şeý­le hem sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we yl­my-bar­lag­lar ul­gam­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len ÝB-niň hoş­ni­ýet­li baş­lan­gy­çy­dyr.
“Glo­bal Ga­te­way” stra­te­gi­ýa­sy, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ni, ÝB-niň ag­za döw­let­le­ri­ni we ýew­ro­pa ösüş ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ry­ny bir­leş­dir­ýän “Te­am Eu­ro­pe” çe­me­leş­me­si­ni dur­mu­şa ge­çir­ýär. “Glo­bal Ga­te­way”-iň çäk­le­rin­de 2021-2027-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da 300 mil­liard ýew­ro möç­be­rin­de döw­let we hu­su­sy ma­ýa go­ýu­myň çe­kil­me­gi mak­sat edi­nil­ýär.