Ýewropa Komissiýasy indiki 10 ýylyň dowamynda awtoulaglaryň has arassa hereketlendirijilerine geçmek meýilnamasynyň üýtgedilýändigini resmi taýdan mälim etdi.
Ýewropa Komissiýasynyň web saýtynyň maglumatlaryna görä, Ýewropanyň awtoulag bazaryndaky öňdebaryjy “oýunçylaryň” köp sanly çagyryşlaryndan we lobbiçiliklerinden soň, ÝB-niň häkimiýetleri ozal 2035-nji ýylda çykarylmagy meýilleşdirilýän içinden otlanýan hereketlendirijili (ICE) täze awtoulaglary gadagan etmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdiler.
Ýewropa Komissiýasy 2035-nji ýyldan başlap awtoulag öndürijileriniň howa goýberilýän zyýanly gazlary 90% azaltmak maksadyna ýetmeli boljakdygyny, zyýanlaryň galan 10 göterimini ÝB-de öndürilen pes uglerodly polat ýa-da elektrik energiýasy we bioýangyçlar arkaly öwezini dolmalydygyny mälim edýär. Bu bolsa, doly elektrik (EV) we wodorodly ulaglardan başga-da, gibrid we içinden otlanýan hereketlendirijili ulaglaryň 2035-nji ýyldan soň hem öz ornuny eýelemegini dowam etdirmegine mümkinçilik berer.
ÝB-niň awtoulag senagaty üçin bu örän möhüm mesele boýunça öz garaýşyny täzeden gözden geçirmegi eýýäm awtoulag öndürijileri tarapyndan makullandy. “Volkswagen”-iň wekilleri Ýewropa Komissiýasynyň kararyny gutlap, “Içinden otlanýan hereketlendirijili ulaglar üçin bazary açmak we şol bir wagtyň özünde zyýanly gazlaryň zyňyndylarynyň öwezini dolmak pragmatik çözgüt bolup durýar we bazar şertlerine laýyk gelýär» diýdi.
Beýik Britaniýa 2030-njy ýyldan soň içinden otlanýan täze hereketlendirijili awtoulaglaryň satuwyny tapgyrlaýyn bes etmek meýilnamalaryndan henizem ýüz öwürmeýär, ýöne bu bazara gatnaşyjylar häkimiýetleri sarp edijileri elektrik ulaglaryna geçmäge has işjeň höweslendirmäge çagyryş edýärler. “Volvo” kompaniýasy bary-ýogy on ýylyň dowamynda elektrik modelleriniň giň görnüşini hödürlemegiň mümkindigini mysal arkaly subut etmäge synanyşýar.
Elektrikleşdirmegiň berk möhletleriniň tarapdarlary gysga möhletli bazar kynçylyklary sebäpli uzak möhletli maksatlaryň gurban edilip bilinmejekdigini öňe sürýärler. Yzygiderli üýtgeýän ugur kompaniýalar we maýadarlar üçin gymmada düşüp biler.
Esasy Dünýä täzelikleri Ýewropa Komissiýasy içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulaglaryň satuwyna girizilen gadagançylygy ýatyrdy
PDF









