Ýewropa parlamenti Ýewropa Bileleşiginden barýan harytlaryň agramly bölegi üçin 15 göterimlik iň ýokary nyrhy kesgitlemegi göz öňünde tutýan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny makullady. Bu barada “Bloomberg” agentligi habar berýär.
Karar 26-njy martda geçirilen ses berişikde kabul edildi we bu ädim transatlantik ykdysady gatnaşyklaryndaky dartgynlylygy azaltmaga tarap ädim hökmünde baha berilýär. “Bu, ýewropaly telekeçiler, işgärler we raýatlar üçin durnuklylygy hem-de öňünden çaklap bolýan şertleri üpjün etmek ugrundaky tagallalarymyzda örän möhüm bir sepgitdir” diýip Ýewropa komissiýasynyň ykdysadyýet boýunça komissary Waldis Dombrowskis belledi.
Ses berişligiň öňüsyrasynda deputatlar birnäçe düzedişleri girizdiler. Hususan-da, ABŞ öz borçlaryny ýerine ýetirýänçä, ylalaşygyň güýje girmejekdigi bellenildi. Mundan başga-da, resminamanyň möhleti 2028-nji ýylyň martyna çenli çäklendirilip, taraplaryň özara ylalaşmagy esasynda ony uzaltmak mümkinçiligi goýuldy.
Ýewropa parlamenti tarapyndan makullanandan soň, resminamanyň gutarnykly nusgasyny taýýarlamak üçin ol ÝB-ne agza döwletler bilen goşmaça ylalaşylar.
Waşingtonda hem bu karar hoşallyk bilen garşylandy. ABŞ-nyň ÝB-däki ilçisi Endrýu Pazder ylalaşygyň biznes üçin “durnuklylygy we çaklama mümkinçiligini” üpjün etjekdigini belläp, ähli amallaryň tamamlanmagyny çaltlandyrmaga çagyrdy.
Saklanyp galýan çaprazlyklara garamazdan, Ýewropa komissiýasy ylalaşygy öňe sürmegiň zerurdygyny nygtaýar. “Biziň ykdysady bähbitlerimiz öňe gitmegi talap edýär. Biziň abraýymyz sözümizde durup-durmazlygymyza baglydyr” diýip Dombrowskis aýtdy.
ÝB bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda ylalaşygy 2025-nji ýylyň tomsunda, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Ýewropa komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýeniň arasyndaky gepleşikleriň netijesinde gazanylypdy. Onuň çäklerinde, amerikan harytlarynyň Ýewropa nol göterimlik paç bilen getirilmegine derek, Ýewropanyň ABŞ-na eksport edýän harytlaryna 15 göterim möçberinde gümrük pajynyň girizilmegi göz öňünde tutulýar.
PDF









