Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne mal­ta­ly Ro­ber­ta Met­so­la saý­lan­dy. Met­so­la 705 ag­za­sy bo­lan Par­la­men­tiň 458 we­ki­li­niň se­si­ni al­dy. Bu we­zi­pä 4 da­laş­gär gat­naş­dy. Ses ber­li­şik­de şwe­si­ýa­ly Alis Bah Kun­ke 101 ses alyp ikin­ji bol­dy. Is­pa­ni­ýa­dan Si­ra Re­go 58 ses al­dy.
Ýew­ro­pa halk par­ti­ýa­sy­nyň ag­za­sy bo­lan Met­so­la 2013-nji ýyl­dan bä­ri de­pu­tat, 2020-nji ýyl­dan bä­ri Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry we­zi­pe­sin­de iş­le­ýär. 43 ýaş­ly sy­ýa­sat­çy ses ber­li­şik­den soň­ra özü­niň we­zi­pe borç­la­ry­nyň par­la­men­te we­kil­çi­lik et­mek­di­gi­ni bel­le­di.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, 11-nji ýan­war­da Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň baş­ly­gy Da­wid Sas­so­li ara­dan çy­kyp­dy. Fran­si­ýa­da dog­lan sy­ýa­sat­çy 2019-njy ýy­lyň iýul aýyn­da Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň baş­lyk­ly­gy­na saý­lan­dy. Onuň we­zi­pe möh­le­ti ge­çen hep­de dol­ma­ly­dy. Ol 17-20-nji ýan­war ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len ses ber­li­şi­ge da­laş­gär­li­gi­ni goý­man­dy.
Met­so­la fran­si­ýa­ly Si­mo­na Weýl­den (1979-1982) we Ni­ko­la Fon­teýn­den (1999-2002) soň­ra Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­ne baş­lyk­lyk et­jek üçün­ji ze­nan bo­lar.