Niderlandlaryň Rotterdam şäherindäki gämi abatlkamak üçin niýetlenen irki port desgalarynyň birinde Ýewropada iň uly suwüsti şäherçe peýda bolar. “Spoorweghaven” atly taslama Daniýanyň MAST binagärlik studiýasy we “BIK bouw” gurluşyk kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlandy. Kenardan uzakda ýerleşjek şäherçede 100-e golaý ýaşaýyş jaýy, jemgyýetçilik ýerleri, bagy-bossanlar we eýwanlar bolar.
Taslamany işläp düzenleriň aýtmagyna görä, agaçdan gurlan köp gatly jaýlar “ýüzýän” platformalarda oturdylar. Desgalar ilki aýratyn gurlar, soňra portdaky ýerleşýän ýerine äkidilip, ygtybarly berkidiler. Zerur bolan ýagdaýynda, toplumy başga bir ýere geçirmek bolar.
Täze etrap welosiped ýodalary we köprüler arkaly şähere birleşdiriler. Sebitiň çäginden bolsa suw ýoly geçiriler. Ol şäheriň beýleki sebitleri bilen ulag gatnaşygyny üpjün eder. Taslama irki tapgyrda bolsa-da, binalaryň diňe Gün panelleri bilen enjamlaşdyryljakdygy belli bolup, bu ýagdaý şäheriň elektrik ulgamyna düşýän agramy azaldar. Şeýle-de, suwy arassalamak üçin gamyş jeňňelligini döretmek meýilleşdirilýär. Munuň bilen Şotlandiýanyň “Biomatrix” kompaniýasynyň inžener-ekologlary meşgullanýar.
“Ýüzýän” şäherçe gurluşyk üçin ýerleriň ýetmezçiligine jogap bolar. Şeýle kararlar Demirgazyk Ýewropanyň beýleki şäherlerinde, mysal üçin, Kopengagende köp wagtdan bäri durmuşa geçirilýär.