Daniýa we Norwegiýadan soňra Şwesiýada hem “Covid-19” çäklendirmeleri gowşadylýar. Ýokuşýan emma, täsiri az diýlip hasap edilýän “Omicron” ştammynyň çäklendirmeleri doly aýyrmakdaky täze tapgyrdygy bellenilýär. 9-njy fewraldan başlap, koronawirusa degişli çäklendirmeleriň ählisi diýen ýaly aradan aýryldy. Barlaryň we restoranlaryň 23:00-a çenli işlemegine rugsat berildi. Mundan beýläk jemgyýetçilik ulaglarynda ýolagçylaryň köpçülik ýerlerinde örtük dakynmagy diňe maslahat berler. Şeýle hem köp adamly ýerlere barlanda, sanjym alandygy baradaky hat talap dilmez.

Ýurduň hökümet başlygy Magdalena Andersson pandemiýanyň entek gutarmandygyny, emma täze tapgyra geçilýändigini belledi. Ol geçirilen barlaglaryň “Omicron”-yň az täsirli kesele sebäp bolýandygyny aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, koronawirusyň bu ştammy ilatyň uly böleginiň sanjym edilen ýerlerinde hassahanalara ýüz tutýanlaryň artmagyna sebäp bolmady. Şwesiýada 12 ýaşdan uly raýatlaryň 83 göterimden gowragy iki doza sanjym aldy. Ilatyň ýaryna golaý üçünji doza sanjym aldy.

Şeýle hem bu ýurtda Ýewropa Bileleşigi we Skandinawiýa ýurtlaryndan gelýänler üçin syýahat çäklendirmeleriniň aýryljakdygy bellenildi. Beýleki dünýä döwletlerinden geljekler üçin bolsa martyň ahyryndan başlap, çäklendirmeler aýrylar.

Şeýle hem 10-njy fewraldan başlap, Ispaniýada açyk meýdanda örtük dakylmagy düzgüni aýryljakdygy mälim edildi. Ýurduň hökümetiniň spikeri Isabel Rodriges  ýapyk ýerlerdäki örtük dakmak düzgüniniň dowam etjekdigini mälim etdi. Şeýle hem spiker okuwçylaryň mekdebiň howlusynda hem örtük dakmagynyň talap edilmejekdigini belledi. Okuwçylar synp otaglarynda örtük dakmagynyň dowam etdirerler.

Ispaniýada pandemiýa döwründe örtük dakmak talap edilipdir. Geçen ýylyň 26-njy iýunynda bu şert ýatyrylypdy. 2021-nji ýylyň dekabrynda bolsa, bu düzgün gaýtadan güýje girizilipdi.