Dün­ýä­de mil­li­on­lar­ça muş­da­gy özü­ne ben­di ed­ýän fut­bol oý­nu­nyň ta­ry­hy 200 ýy­la go­laý­lap bar­ýar. Äh­li ba­bat­da-da soň­ky çär­ýek asyr­da has-da üýt­gän fut­bol oý­nun­da her ýur­duň mil­li çem­pio­na­ty, ku­bok ýa­ryş­la­ry, şol san­da yk­lym­la­ryň her­sin­de azyn­dan 3 sa­ny hal­ka­ra bäs­le­şik­ler ge­çi­ril­ýär. Her ýur­duň iň uly ýa­ry­şy bo­lan mil­li çem­pio­nat­lar 19-njy asy­ryň ahyr­la­ryn­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýär. Tak­ti­ka, ma­li­ýe, oý­na­ýyş sti­li babatda, fut­bo­la ga­raý­şyň üýt­geýän döwründe XXI asyr­da çem­pi­on­lyk ga­zan­mak kä­bir klub­lar üçin ju­da ýe­ňil bol­sa, kä­bir­le­ri üçin müm­kin däl za­da öw­rül­di.
Fut­bo­lyň iň öň­de­ba­ry­jy yk­ly­my bo­lan Ýew­ro­pa­da soň­ky 25 ýyl­da, ýag­ny soň­ky çär­ýek asyr­da nä­çe to­par, şol san­da, haý­sy to­par­lar çem­pi­on­lyk ga­zan­dy? Tu­tuş yk­ly­my ha­sa­ba ala­nyň­da, di­ňe 2 klu­buň ge­zek­le­şip ýa-da wag­tal-wag­tal 1 klu­buň yzy­gi­der­li­lik­de çem­pi­on­lyk ga­za­nan li­ga­la­ry­nyň bol­şy ýa­ly, mil­le­ni­um­dan soň 7-8, hat­da 10 to­pa­ryň çem­pi­on­lyk ga­za­nan çem­pio­nat­la­ry hem bar. Umu­my­lyk­da, soň­ky 25 ýyl­da iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan to­par yk­ly­myň iň ki­çi ýurt­la­ry­nyň bi­ri hasaplanýan Gib­ral­ta­ryň “Lin­koln Red Imps” to­pa­ry bo­lup, olar 25 ýyl­da 22 çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar. Mol­do­wa­nyň “Şe­rif” to­pa­ry soň­ky 2 ýyl­da baş­ga klub­lar­dan yz­da gal­sa-da 25 möw­sü­miň 21-in­de çem­pi­on bolýar. “Olim­pia­ko­s”, “Sel­ti­k”, “Di­na­mo Zag­re­b” 19 hem-de “Ba­wa­ri­ýa­” 18 gezek çem­pi­on­lyga ýetýär.

Man­çes­ter we Lon­don şä­her­le­ri

Il­ki bi­len öň­de­ba­ry­jy 5 ýur­da se­re­de­ni­miz­de, Ang­li­ýa­nyň «Pre­mi­er Li­ga­syn­da» soň­ky 25 möw­süm­de çem­pi­on­lyk ga­za­nan to­par­la­ryň sa­ny 6-a deň­dir. Şol 25 çem­pi­on­ly­gyň 15-si­ni Man­çes­ter şä­he­ri­niň we­kil­le­ri paý­la­şyp, «Ýu­naý­ted» 8, «Si­ti» 7 ge­zek bi­rin­ji­li­gi eýe­le­di. «Man­çes­ter Si­ti» iň­lis fut­bo­ly­nyň ta­ry­hyn­da yz­ly-yzy­na 4 çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji klub bol­dy. Ga­lan 10 çem­pi­on­ly­gyň 5-si «Çel­si» to­pa­ry­na de­giş­li bol­sa, hä­zir­ki ýe­ňi­ji «Li­wer­pul» bi­len soň­ky ge­zek 23 ýyl öň bi­rin­ji­li­gi eýe­län «Ar­se­na­lyň» 2 çem­pi­on­ly­gy bar. Ýe­ne bir çem­pi­on­lyk bol­sa ta­ry­hy ýe­ňiş ga­za­nan «Les­ter Si­ti» klu­bu­na de­giş­li­dir.

«Bar­se­lo­na» ýa-da «Re­al», bel­ki «At­le­ti­ko»

Iki klu­buň öza­ra bäs­le­şi­gi­ne öw­rü­len Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty «La Li­ga­da» soň­ky 25 möw­süm­de di­ňe 4 to­pa­ra çem­pi­on bol­mak ba­şart­dy. Çem­pi­on­ly­gyň 21-si «Bar­se­lo­na» bi­len «Re­al Mad­ri­de» de­giş­li bo­lup, ka­ta­lon­lar 12, mad­rid­li­ler 9 ge­zek ýe­ňiş ga­zan­dy. Tä­ze asy­ryň il­kin­ji ýyl­la­ryn­da 2 çem­pi­on­lyk ga­za­nan «Wa­len­si­ýa­nyň» ha­ta­ry­na «At­le­ti­ko» hem 2 çem­pi­on­lyk bi­len öz go­şan­dy­ny goş­ýar.

«Ýu­wen­tus­dan» soň «In­ter» bar

Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Se­rie A»-da tä­ze asy­ryň il­kin­ji möw­sü­min­de paý­tag­tyň «Ro­ma» to­pa­ry çem­pi­on­lyk ga­za­nan hem bol­sa, soň­lu­gy bi­len «Ýu­wen­tus» jy­la­wy ele al­ýar. «Ýu­wen­tu­syň» şol dö­wür­de 1 çem­pi­on­ly­gy elin­den al­nyp, aşa­ky li­ga dü­şü­ril­se-de, 9-sy yz­ly-yzy­na je­mi 11 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar. 5 möw­süm­den bä­ri çem­pi­on­ly­gyň da­şyn­da gal­ýan «Ýu­wen­tu­sa» iň go­laý­lan to­par «In­ter­dir». Umu­my çem­pi­on­lyk­la­ry­nyň sa­ny bo­ýun­ça şä­her­de­şi hem bäs­de­şi «Mi­lan­dan» öňe ge­çen «In­ter» 5-si yz­ly-yzy­na je­mi 7 ge­zek çem­pi­on di­ýen ady eýe­le­ýär. Umu­my­lyk­da, «Se­rie A»-da soň­ky 25 ýyl­da 5 to­par çem­pi­on bo­lup, ýo­kar­da ady ag­za­lan 3 klu­ba «Mi­lan» (3) bi­len en­çe­me ýyl­dan soň «Sku­det­to­ny» eýe­län «Na­po­li» (2) to­par­la­ry-da go­şul­ýar.

«Ba­wa­ri­ýa­nyň» «Bun­des­li­ga­sy»

«Ba­wa­ri­ýa» to­pa­ry­nyň «şah­sy» çem­pio­na­ty­na öw­rü­len Ger­ma­ni­ýa­nyň «Bun­des­li­ga­syn­da» mün­hen­li­ler soň­ky 13 ýyl­da 12 çem­pi­on­lyk ga­zan­sa-da, bu li­ga­da tä­ze asyr­da 6 klu­ba möw­sü­mi çür de­pe­de ta­mam­la­mak mi­ýes­ser ed­ýär. 25 möw­sü­miň 18-sin­de çem­pi­on­lyk «Ba­wa­ri­ýa» to­pa­ry­na de­giş­li bo­lup, Dort­mun­dyň «Bo­rus­si­ýa­sy» 3 ge­zek ara go­şul­ma­gy ba­şar­ýar. «Wer­der», «Ştut­gart», «Wolfs­burg» ýa­ly il­kin­ji 10 ýyl­lyk­da ta­ry­hy çem­pi­on­lyk­lar ga­za­nan 3 to­pa­ryň ha­ta­ry­na 2024-nji ýyl­da Le­wer­ku­ze­niň «Ba­ýe­ri» hem ady­ny ýaz­dyr­ýar.

Il­ki «Li­on», soň­ra PSŽ

Soň­ky ýyl­lar­da PSŽ-niň ag­dyk­lyk ed­ýän çem­pio­na­ty­na öw­rü­len Fran­si­ýa­nyň «Li­gue 1»-i yk­ly­myň öň­de­ba­ry­jy 5 çem­pio­na­ty­nyň ara­syn­da iň köp klu­by çem­pi­on­lyk ga­za­nan ýurt bol­ýar. 8 klu­buň çem­pi­on­lyk ga­za­nan çem­pio­na­tyn­da 2000-nji ýyl­la­ryň ba­şyn­da «Li­on» to­pa­ry bas­syr 7 ge­zek ýe­ňiş ga­za­nyp, TOP 5 çem­pio­nat­da yz­ly-yzy­na şeý­le ba­şar­nyk gör­ke­zen il­kin­ji to­par hök­mün­de ha­sa­ba alyn­ýar. Ka­tar­ly­la­ryň sa­tyn al­ma­gyn­dan soň çem­pi­on­ly­gy 2 ge­zek baş­ga to­par­la­ra al­dy­ran PSŽ 11 ge­zek «Li­gue 1»-i iň ýo­kar­ky orun­da ta­mam­la­ýar. «Lill» 2, «Nant», hä­zir­ki wagt­da aşa­ky li­ga­lar­da bo­lan «Bor­do», ge­çen möw­süm 2-nji li­ga dü­şen «Mon­pe­lie», şeý­le-de «Mar­sel» bi­len «Mo­na­ko» to­par­la­ry-da 1 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar.

Diňe 2 klub bar ýa­ly …

Beý­le­ki çem­pio­nat­la­ra se­re­de­ni­miz­de, soň­ky 25 ýyl­da iň az klu­by çem­pi­on­lyk ga­za­nan 3 sa­ny ýurt öňe saý­lan­ýar. Şot­lan­di­ýa­dyr Uk­rai­na­da hem-de Ser­bi­ýa­da çär­ýek asyr­da di­ňe 2 klu­ba çem­pi­on­lyk ga­zan­mak ba­şard­ýar. Şot­lan­di­ýa­da Glaz­go şä­he­ri­niň 2 meş­hur to­pa­ry «Reýn­jers» bi­len «Sel­ti­giň» bi­le­lik­de ga­za­nan çem­pi­on­lyk­la­ry umu­my­lyk­da 110-a deň­dir. Ýag­ny her­si­niň 55 çem­pi­on­ly­gy bo­lup, «Sel­tik» şo­la­ryň 19-sy­ny soň­ky 25 ýyl­da ga­za­nyp, «Reýn­jer­siň» yzyn­dan ýet­ýär. 2010-njy ýyl­dan soň 4 möw­sü­mi ma­li­ýe ýet­mez­çi­li­gi se­bäp­li aşa­ky li­ga­lar­da ge­çir­me­li bo­lan «Reýn­jers» to­pa­ry mil­le­ni­um­dan soň 6 ge­zek çem­pi­on ady­ny al­ýar.
Uk­rai­na­nyň çem­pio­na­tyn­da-da di­ňe 2 klub bar diý­sek öte geç­di­gi­miz bol­maz – Do­nes­kiň «Şaht­ýo­ry» hem-de Ki­ýe­wiň «Di­na­mo­sy». Çär­ýek asyr­da «Şaht­ýor» dür­li ýyl­lar­da yz­ly-yzy­na 3, 4 hat­da 5 ge­zek çem­pi­on bol­ýar we ola­ryň 16 çem­pi­on­ly­gy bar. Di­ňe 2 ge­zek çem­pi­on­ly­gy­ny go­ra­ma­gy ba­şa­ran «Di­na­mo» bol­sa ga­lan 9 möw­süm­de çem­pio­na­ty 1-nji orun­da ta­mam­la­ýar.
Çem­pi­on­ly­gyň di­ňe 2 to­pa­ryň ara­syn­da ge­zek­le­şip paý­la­şyl­ýan ýe­ne bir çem­pio­na­ty hem Ser­bi­ýa­nyň «Su­per Li­ga­sy­dyr». Bu çem­pio­nat­da di­ňe paý­tagt Belg­ra­dyň «Srwe­na Zwez­da» ýa-da «Par­ti­zan» to­pa­ry çem­pi­on bol­ýar. 2007-2013-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da bas­syr 6 ge­zek çem­pi­on bo­lan «Par­ti­zan» soň­ky 8 möw­süm­den bä­ri çem­pi­on­ly­gy ga­dy­my bäs­de­şi «Srwe­na Zwez­da» to­pa­ry­na al­dy­ryp gel­ýär. Umu­man, soň­ky çär­ýek asyr­da «Srwe­na Zwez­da» 14, «Par­ti­zan» 11 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar. Umu­my­lyk­da öň­ki-soň­ky dö­wür­le­ri ha­sap­la­nyň­da, «Srwe­na Zwez­da­nyň» 36, «Par­ti­za­nyň» 27 çem­pi­on­ly­gy bar.

4 ýa-da 5 klub

Por­tu­ga­li­ýa­da soň­ky 25 ýyl­da 4 to­par çem­pi­on bol­ýar. «Por­to» 12, «Ben­fi­ka» 8, soň­ky 5 ýyl­da 3 ge­zek ýe­ňi­ji bo­lan «Spor­ting» 4 çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar. Bu 3 lä­he­ňiň ha­ta­ry­na mil­le­niu­myň il­kin­ji möw­sü­min­de, ýag­ny 2001-nji ýyl­da «Boa­wiş­ta» to­pa­ry­na hem gir­mek ba­şard­ýar. Umu­man ala­nyň­da hem Por­tu­ga­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty­nyň ta­ry­hyn­da şu wag­ta çen­li di­ňe 5 klub çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar. Ýo­kar­da ady ag­za­lan 4 to­par­dan baş­ga «Be­le­nen­seş» to­pa­ry 1945/46 möw­sü­min­de çem­pi­on bo­lup­dy.
Ni­der­land­la­ryň çem­pio­na­ty «Ere­divisie»-de hem çem­pi­on bo­lan klub­la­ryň sa­ny o di­ýen köp däl. Esa­sy 2 klu­buň bäs­deş­lik ed­ýän çem­pio­na­tyn­da soň­ky çär­ýek asyr­da 5 klub çem­pi­on bol­ýar. 24 çem­pi­on­ly­gyň 11-si PSW to­pa­ry­na de­giş­li bol­sa, 9-sy «Aýaks» to­pa­ry­nyň pa­ýy­na düş­ýär. Pan­de­mi­ýa se­bäp­li 2019/20 möw­sü­mi ýa­ty­ry­lan çem­pio­nat­da ýur­duň iň uly 3-nji klu­by «Fe­ýe­noord» soň­ky 25 ýyl­da 2 ge­zek çem­pi­on bol­ýar. AZ bi­len «Twen­te» to­par­la­ry-da il­kin­ji 10 ýyl­ly­gyň soň­ky 2 möw­sü­min­de 1 ge­zek şol ar­zy­ly sep­gi­te ýet­me­gi ba­şar­ýar.
Rus­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da soň­ky ýyl­lar­da «Ze­nit» to­pa­ry­nyň hök­mü­ro­wan­ly­gy bar hem bol­sa, Mosk­wa şä­he­ri­niň we­kil­le­ri esa­sy bäs­de­şi­ni he­mi­şe bi­yn­ja­lyk edip dur­ýar­lar. Soň­ky 25 ýyl­da «Ze­nit» 10, SSKA 6, «Lo­ko­mo­tiw» 3, «Ru­bin» bi­len «Spar­tak» 2 hem-de ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek «Kras­no­dar» to­pa­ry 1 ge­zek çem­pi­on­lyk ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­ýär.
Esa­sy 4 klu­buň ýa­ry­şy ha­sap­lan­ýan Tür­ki­ýä­niň çem­pio­na­tyn­da-da soň­ky 25 ýyl­da uly tä­ze­lik­ler bol­ýar. Il­kin­ji ge­zek 4 uly to­par­dan baş­ga klub­lar hem çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar. Soň­ky çär­ýek asyr­da «Ga­la­ta­sa­raý» 11, 2014-nji ýyl­dan bä­ri ýe­ňiş ga­za­nyp gör­me­dik «Fe­ner­bah­çe» 6, «Be­şik­taş» 5, «Trab­zons­por», şol san­da il­kin­ji çem­pi­on­lyk­la­ry­ny baý­ram eden «Bur­sas­por» bi­len «Is­tan­bul Ba­şak­şe­hir» to­par­la­ry-da 1 ge­zek al­tyn me­da­lyň eýe­si bol­ýar.
Çe­hi­ýa­da paý­tagt Pra­ga­nyň «Spar­ta» (8) hem-de «Sla­wi­ýa» (7) klub­la­ry­nyň çem­pi­on­lyk­la­ry­nyň ara­sy­na Plzen şä­he­ri­niň «Wik­to­ri­ýa» to­pa­ry 6, Li­be­res şä­he­ri­niň we­ki­li «Slo­wan» 3, Ost­ra­wa­nyň «Ba­nik» to­pa­ry-da 1 ge­zek go­şul­ma­gy ba­şar­ýar. Mah­la­sy, soň­ky çär­ýek asyr 5 to­par çem­pi­on­lyk­la­ry öza­ra paý­laş­ýar.
Esa­san 2, soň­ky ýyl­lar­da bol­sa di­ňe 1 klu­buň çem­pio­na­ty­na öw­rü­len Gre­si­ýa­da «Olim­pia­ko­syň» hök­mü­ro­wan­ly­gy me­se-mä­lim du­ýul­ýar. Çem­pio­na­tyň ta­ry­hyn­da 46 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nan pi­reý­li­ler şo­la­ryň 19-sy­na soň­ky 25 ýyl­da ýet­ýär. «Olim­pia­ko­syň» şol 19 çem­pi­on­ly­gy­nyň ara­syn­da «Pa­na­ti­nai­kos», AEK bi­le­nem PA­OK to­par­la­ry 2 ge­zek go­şu­lyp, ýur­duň iň uly klu­bu­nyň has-da ulal­ma­gy­na päs­gel ber­ýär­ler.
Awst­ri­ýa­da soň­ky 25 ýyl­da je­mi 14 (2014-2023-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da bas­syr 10) ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nan «Red Bull Sals­bur­g» öň­de­li­gi eýe­le­ýän hem bol­sa, beý­le­ki şä­her­le­riň we­kil­le­ri-de ara go­şu­lyp, deň ag­ram­ly­ly­gy sak­la­ýar. Awst­ri­ýa­nyň «Bun­des­li­ga­syn­da» de­giş­li dö­wür­de 6 klub çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar. «Şturm» (Gras) bi­len «Aust­ria» (We­na) 3, «Ti­rol» (Innsb­ruk) bi­len «Ra­pid» (We­na) hem-de «Gra­zer AK» (Gras) 1 ge­zek çem­pi­on bol­ýar. Awst­ri­ýa­nyň goň­şu­sy Şweý­sa­ri­ýa­nyň «Swiss Su­per Li­ga­syn­da» 2000-nji ýyl­dan bä­ri çem­pi­on bo­lan to­par­la­ryň sa­ny bir eliň bar­mak­la­ry­nyň sa­ny­na hem ýe­te­nok 2000-nji ýyl­la­ryň 2-nji on­lu­gy­na yz­ly-yzy­na 8 çem­pi­on­lyk syg­dy­r­an «Ba­zel» 13, soň­ky ýyl­lar­da ti­je­nip baş­lan «Ýang Boýz» 6, wag­tal-wag­tal ara go­şul­ýan «Sü­rih» 4 hem-de tä­ze asy­ryň baş­la­ryn­da «Gras­hop­per» 2 ge­zek çem­pi­on ady­ny al­ýar.
Hor­wa­ti­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Hrvats­ka no­go­met­na li­ga­da» paý­tagt Zag­re­biň «Di­na­mo» to­pa­ry soň­ky 20 ýyl­da tas­da­nam 20 çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar­dy. Bas­syr 11 çem­pi­on­lyk­dan soň 2017-nji ýyl­da hem-de ýe­ne yz­ly-yzy­na 7 çem­pi­on­lyk­dan soň şu möw­süm «Ri­ýe­ka» to­pa­ry onuň yzy­gi­der­li­lik­de 20 çem­pi­on­lyk ga­zan­ma­gy­na päs­gel ber­ýär. 2000-nji ýyl­la­ryň ba­şyn­da «Haý­duk Split» 3, şol san­da «NK Zag­reb» to­pa­ry-da 1 ge­zek çem­pi­on bol­ýar.
Bel­gi­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da soň­ky 25 ýyl­da 7 klub çem­pi­on di­ýen de­re­jä­niň eýe­si bol­ýar. Çem­pi­on­lyk ug­run­da esa­sy gö­reş «An­der­leht» bi­len «Klub Brýug­ge» to­par­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çip, ola­ryň bi­rin­ji­si 9, ikin­ji­si 8 ge­zek ýe­ňiş ga­zan­ýar. Soň­ky çär­ýek asyr­da «Genk» 3, «Stan­dard Li­ež» 2, «Gent», «Ant­wer­pen» hem-de 90 ýyl­dan soň «Ýu­ni­on Sent-Žil­lu­az» to­par­la­ry 1 ge­zek çem­pi­on bol­ýar.
Pol­şa­nyň çem­pio­na­ty «Ekst­rak­la­sa»-da War­şa­wa bi­len Kra­kow şä­her­le­ri­niň we­kil­le­ri «Le­gi­ýa» hem-de «Wis­la» çem­pi­on­lyk sa­ny ba­bat­da öň­de bar­ýar. «Le­gi­ýa­nyň» 9, «Wis­la­nyň» 7 çem­pi­on­ly­gy bo­lup, «Leh Poz­nan» to­pa­ry-da 4 ge­zek çem­pi­on bol­ýar. Je­mi 8 klu­buň çem­pi­on­lyk ga­za­nan çem­pio­na­tyn­da soň­ky 6 ýyl­da 3 sa­ny tä­ze çem­pi­on ýü­ze çyk­ýar. Ýo­kar­da ady ag­za­lan 3 klu­buň ha­ta­ry­na «Şlask» (Wros­law), «Zag­lemb­ýe» (Lu­nin), «Pýast» (Gli­wi­se), «Ra­kuw» (Çens­to­ho­wa) hem-de «Ýa­gel­lo­ni­ýa» (Be­los­tok) to­par­la­ry 1 ge­zek çem­pi­on­lyk­dan paý al­ýar­lar. Weng­ri­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Nem­ze­ti Baj­nok­sag I»-de soň­ky 25 ýyl­da «Fe­rens­wa­ro­şyň» 10, «Deb­re­se­ni» to­pa­ry­nyň 7, «Fe­her­war» to­pa­ry­nyň 3, MTK to­pa­ry­nyň 2, «Za­lae­ger­seg», «Gýor», «Hon­wed» to­par­la­ry­nyň hem 1 çem­pi­on­ly­gy bar. Ru­my­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Su­per­li­ga­da» soň­ky çär­ýek asyr­da 9 çem­pi­on çyk­ýar. Ozal­ky ady «Stýaua» bo­lan paý­tagt Bu­ha­res­tiň FKSB to­pa­ry 8, Kluž şä­he­ri­niň we­ki­li «KFR Kluž» to­pa­ry-da şon­ça ge­zek çem­pi­on bol­ýar. Paý­tag­tyň «Di­na­mo» to­pa­ry tä­ze asy­ryň baş­la­ryn­da 3 çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar. «Ast­ra Jur­ju», «Wii­to­rul Kons­tan­sa» (soň «Fa­rul Kons­tan­sa» bi­len bir­leş­ýär), «Ose­lul Ga­la­si», «Ra­pid Bu­ha­rest», «Uni­rea Ur­zi­çe­ni», «Fa­rul Kons­tan­sa» to­par­la­ry 1 ge­zek çem­pi­on bol­ýar. Bol­ga­ri­ýa­da soň­ky 14 ýyl­dan bä­ri Razg­rad şä­he­ri­niň «Lu­do­go­res» to­par çem­pi­on­ly­gy hiç bir to­pa­ra al­dyr­man gel­ýär. On­dan öň­ki 11 ýyl­da bol­sa paý­tagt So­fi­ýa­nyň «Lews­ki» we SSKA to­par­la­ry de­giş­li­lik­de, 5 hem-de 3, şol san­da «Li­teks» 2, Plow­diw şä­he­ri­niň «Lo­ko­mo­ti­wi» hem 1 sa­par çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar.

Iň köp klu­buň çem­pi­on bo­lan ýurdy

Soň­ky 25 ýyl­da iň köp klu­buň çem­pi­on­lyk ga­za­nan ýur­dy Şwe­si­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Allsvens­kan» li­ga­sy­dyr. Ýa­ňy-ýa­kyn­da tä­ze çem­pio­nyň peý­da bo­lan çem­pio­na­tyn­da soň­ky çär­ýek asyr­da 11 klub çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar. 25 çem­pi­on­ly­gyň 10-sy «Mal­mö» to­pa­ry­na de­giş­li bol­sa-da, «Ýur­gor­den» 4, AIK bi­len «Elfs­borg» 2 ge­zek çem­pi­on­lyk de­re­je­si­ne ýet­ýär. 7 klub soň­ky çär­ýek asyr­da 1 ge­zek çem­pi­on bo­lup, ola­ryň 4-si il­kin­ji sa­par çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram ed­ýär («Nörr­ko­ping», «Gýo­te­borg», «Ham­mar­bi», «BK Ha­ken», «Kal­mar», «Mýallb­ýu»).
Şwe­si­ýa­nyň goň­şu­sy Nor­we­gi­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Eli­te­se­ri­en»-de «Rosenbirg» kö­pü­si 2000-nji ýyl­la­ryň baş­la­ryn­da je­mi 11 ge­zek çem­pi­on bol­ýar. «Mol­de» 5, soň­ky ýyl­lar­da öňe saý­lan­ýan «Bu­de-Glimt» 4 ge­zek ýe­ňiş ga­zan­ýar. «Wa­le­ren­ga», «Brann», «Sta­bek», «Stroms­god­set» klub­la­ry-da 1 ge­zek çem­pi­on bol­ýar. Finl­ýan­di­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Veik­ka­us­lii­ga»-da paý­tagt Hel­sin­ki­niň HIK to­pa­ry 25 çem­pi­on­ly­gyň 15-si­ni ga­zan­ýar. Soň­ky 2 ýy­lyň ýe­ňi­ji­si «KuPS», şol san­da «Ta­mU» 3, şeý­le-de «Ha­ka», «My­Pa», «In­ter Tur­ku», SJK, IFK to­par­la­ry-da 1 ge­zek çem­pi­on ady­ny al­ýar. Da­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Su­per­li­ga­da» paý­tag­tyň ady­bir «Ko­pen­ga­gen» to­pa­ry soň­ky 25 çem­pi­on­ly­gyň 15-si­ni ga­zan­ýar. «Midt­ýul­lann» 4, «Brondb­ýu» 3, «AaB» 2, «Nor­şel­lann» 1 ge­zek çem­pio­na­ty iň ýo­kar­ky orun­da ta­mam­la­ýar.
Gru­zi­ýa­nyň çem­pio­na­ty-da Şwe­si­ýa­dan soň mil­le­ni­um­dan bä­ri iň köp çem­pi­on çy­ka­ran li­ga­dyr. «Erovnu­li Li­ga» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan çem­pio­nat­da 10 klub çem­pi­on­lyk ga­za­nyp, paý­tagt T­bi­li­si­niň meş­hur «Di­na­mo» to­pa­ry 9 ge­zek çem­pi­on bol­ýar. «Tor­pe­da Ku­tai­si» 3, «Di­na­mo Ba­tu­mi», «Ibe­ri­ýa 1999», «Zes­ta­po­ni», «WIT Jor­jia Tbi­li­si», «Olim­pi Rus­ta­wi» 2, «Di­la Go­ri», «Sio­ni Bol­ni­si», «Samt­re­di­ýa» to­par­la­ry-da 1 ge­zek çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­ýar. Mol­do­wa­da Ti­ras­pol şä­he­ri­niň «Şe­riff» to­pa­ry 25 möw­sü­miň 21-sin­de çem­pi­on­lyk ga­za­nyp, uly ba­şar­nyk gör­kez­ýär. «Mil­sa­mi Or­hei» 2, «Pet­ro­kub Hyn­çeş­ti» bi­len «Da­çia» to­par­la­ry-da 1 ge­zek çem­pi­on bol­ýar. Azer­baý­jan­da «Ga­ra­ba­gyň» öň­de­ba­ry­jy­ly­gy do­wam edip, olar soň­ky 12 ýyl­da 11 ge­zek ýe­ňiş ga­zan­ýar. «Neft­çi­niň» 6, «Ba­ku» we «Şa­ma­hi» to­par­la­ry­nyň 2, «Ha­zar» hem-de «Şam­kir» klub­la­ry­nyň hem 1 çem­pi­on­ly­gy bar.
Be­la­rus­da ga­za­nan 15 çem­pi­on­ly­gy­nyň 14-si­ni soň­ky 25 ýyl­da, onu­ňam 13-si­ni yz­ly-yzy­na ga­za­nan «BA­TE Bo­ri­sow» bäs­deş­le­rin­den ep-es­li öň­de bar­ýar. Mins­kiň «Di­na­mo» to­pa­ry­nyň, şol san­da «Şaht­ýor So­li­gorsk» to­pa­ry­nyň 3, «Go­mel», «Bel­şi­na Beb­ruisk», «Di­na­mo Brest» to­par­la­ry­nyň hem 1 çem­pi­on­ly­gy bar. Lat­wi­ýa­da Ga­raş­syz­ly­gyň il­kin­ji ýyl­la­ryn­da yz­ly-yzy­na 14 çem­pi­on­lyk ga­za­nan «Skon­to» to­pa­ry soň­ky 25 ýyl­da 5 ge­zek ýe­ňi­ji bol­ýar. Soň­ky 15 ýyl­da 1 ge­zek hem çem­pi­on bo­lup bil­me­dik «Skon­to­nyň» or­nu­na dür­li klub­lar ýe­ňiş ga­za­nyp gel­ýär. Ýurt­da soň­ky 25 ýyl­da je­mi 8 to­par çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar. Lit­wa­da «Žal­gi­ris» bi­len «Kau­nas» hem-de «Ek­ra­nas» to­par­la­ry­nyň ara­syn­da ýi­ti gö­reş bo­lup, ola­ryň soň­ky 25 ýyl­da de­giş­li­lik­de, 8, 6 we 6 çem­pi­on­ly­gy bar. Es­to­ni­ýa­da «Flo­ra» ta­ry­hyn­da ga­za­nan 16 çem­pi­on­ly­gy­nyň 11-si­ni soň­ky çär­ýek asyr­da ga­zan­ýar. «FKI Le­wa­di­ýa» soň­ky 25 ýyl­da 8 ge­zek çem­pi­on bol­ýar. Ga­za­gys­tan­da «As­ta­na» 7, «Ak­to­be» 5, «Kai­rat» 4 ge­zek çem­pi­on­lyk ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­ýär. Er­me­nis­tan­da «Pýu­nik» to­pa­ry çär­ýek asyr­da 13 ge­zek çem­pi­on bo­lup, gar­şy­daş­la­ryn­dan ep-es­li öňe saý­lan­ýar.
Slo­we­ni­ýa bi­len Slo­wa­ki­ýa­nyň çem­pio­nat­la­ry­nyň her­sin­de hem 7 klub çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar. Slo­we­ni­ýa­da «Ma­ri­bor» 12, Slo­wakiýada «Slo­wan Bra­tis­la­wa» 11 ge­zek çem­pi­on bol­ýar. Kipr­de APOEL 13 çem­pi­on­lyk bi­len öň­de bar­ýar. Uel­siň çem­pio­na­tyn­da «Nýu-Seýnts» to­pa­ry 2000-nji ýyl­dan soň 14 çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar. Şo­la­ryň 12-si­ni soň­ky 14 ýyl­da ga­za­nan «Nýu-Seýnts» to­pa­ryn­dan soň «Ber­ri Taw­nyň» 3, «Kon­nor Ku­aý No­mad­syň», «Ry­lyň» 2, «Lla­nel­li­niň», «Ban­gor Si­ti­niň» 1 çem­pi­on­ly­gy bar.

Iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan to­par

Fut­bo­lyň ki­çi ýurt­la­ryn­dan Gib­ral­ta­ryň çem­pio­na­tyn­da soň­ky 25 ýyl­da di­ňe 3 klub çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar. Şol 25 çem­pi­on­ly­gyň 22-si «Lin­koln Red Imps» to­pa­ry­na de­giş­li­dir. «Lin­kol Red Imps» 2003-2016-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da yz­ly-yzy­na 14 çem­pi­on­lyk ga­za­nyp, «Skon­ta­nyň» re­kor­dy­ny gaý­ta­la­ýar. Soň-soň­lar bu re­kor­da Bol­ga­ri­ýa­nyň «Lu­do­go­res» to­pa­ry hem şä­rik bol­ýar. Gib­ral­tar­da «Gib­rarl­tar Ýu­naý­ted» hem-de Eu­ro­pa to­par­la­ry-da 1 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­zan­ýar. Pan­de­mi­ýa se­bäp­li çem­pio­nat 2019/20 möw­sü­min­de ge­çi­ril­me­ýär. Şeý­le-de, soň­ky 25 ýyl­da Ir­lan­di­ýa­da «Şam­rok Ro­wers» 6, De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­da «Lin­fild» 14, Is­lan­di­ýa­da FH 8, Fa­rer ada­la­ryn­da HB 9, Lýuk­sem­burg­da «F91 Du­de­lanž» 17, An­dor­ra­da «San­ta Ko­lom­bo» 12, Mal­ta­da «Wal­let­ta» 8, Al­ba­ni­ýa­da «Şkýon­di­ýa» bi­len «Ti­ra­na» 7, D. Ma­ke­do­ni­ýa­da «War­dar» 8, Bos­ni­ýa we Ger­se­go­wi­na­da «Zrýins­ki Mos­tar» 8 ge­zek çempionlyga mynasyp bolýar.

Gazetiň sport synçysy.