Daniýa Täze ýyl arçalarynyň önümçiligi boýunça Ýewropada Germaniýadan soňra ikinji orunda durýar. Daniýanyň Täze ýyl arçalaryny öndürijiler birleşiginden Klaus Ýerram Kristenseniň aýtmagyna görä, Daniýanyň ilatynyň azdygy we ýurduň özüne beýle köp mukdarda arçanyň gerek däldigi sebäpli, bu döwlet dünýäde iň iri eksportçy bolup durýar. “Tagesschau” habarlar portalynyň ýazmagyna görä, bu görkeziji boýunça Daniýa, hatda, ABŞ-dan hem öňe geçýär.
Her ýyl kiçijik Daniýadan dünýäniň dürli künjeklerine, takmynan, dokuz million arça ugradylýar. Olaryň ýarysy önüm öndürijiler üçin iň möhüm bazar hasaplanýan Germaniýa ugradylýar. Şeýle-de, arçalar Dubaýa, Wetnama we Gonkonga eksport edilýär.
Daniýada Täze ýyl arçalary 20 müň gektar meýdanda ýetişdirilýär. 2024-nji ýylda bu pudak, takmynan, 160 million ýewro möçberinde girdeji gazandy. Bu üstünligiň açary – Nordman pihtasydyr. 1980-nji ýyllarda bu agaç Ýewropada iň meşhur Täze ýyl arçasy hökmünde gök arçanyň ornuny eýeledi. Daniýalylar bu agajyň mümkinçiliklerine birinji bolup baha bermegi başardylar.
PDF









