Ýewropanyň «Airbus», «Thales» we «Leonardo» kompaniýalary kosmos internetini döretmegi meýilleşdirýär. Taslamany durmuşa geçirmek üçin 10 milliard ýewronyň bölünip berilmegi we ýylyň ahyryna çenli bilelikdäki kompaniýanyň döredilmegi meýilleşdirilýär. Merkezi edarasy Fransiýanyň Tuluza şäherinde ýerleşjek kompaniýa emeli hemralaryň önümçiligini hem amala aşyrar. Bu taslama bilen Ýeriň aşaky orbitasyna ýüzlerçe emeli hemranyň uçurylmagy göz öňünde tutulýar. Taslama emeli hemra interneti ugrundaky bäsdeşligi artdyrar. Şeýle hem Ýer ýüzüniň köp ýeri ýokary tizlikli aragatnaşyk hyzmaty bilen üpjün ediler. Häzirki wagtda bu ugurda «SpaceX» kompaniýasynyň «Starlink» atly hyzmaty öňdeligi eýeläp, dünýäniň 130 töweregi ýurdunda elýeterlidir.
Gurbansähet Durdygylyjow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.