Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary diňe şu ýylyň mart aýynda Gün energiýasyny ulanmak arkaly ýangyç importyndan 3 milliard ýewro tygşytlamagy başardylar. Halkara bazarynda nebitiň we gazyň bahasynyň rekord derejede gymmatlamagy, “ýaşyl” energiýanyň ähmiýetini has-da artdyrdy. 31-nji martyň maglumatlaryna görä, Brent kysymly nebitiň bahasy 50 göterimden gowrak gymmatlap, bir barrel üçün 107 ýewro ýetdi. Gazyň nyrhy 70 göterim gymmatlady, bu bolsa 2021-nji ýyldan bäri iň ýokary görkezijidir.
“SolarPower Europe” birleşiginiň täze seljermesine görä, 1-nji martdan bäri Gün energiýasy Ýewropa ykdysadyýetine günde ortaça 100 million ýewrodan gowrak serişde tygşytlamaga mümkinçilik berdi. Eger gazyň bahasy häzirki ýokary derejesinde galsa, 2026-njy ýylyň ahyryna çenli bu tygşytlylygyň 67,5 milliard ýewro ýetip biljekdigi çaklanýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, Gün energiýasynyň hasabyna Ýewropanyň umumy energiýa çykdajylary üçden bir bölek azalyp, ykdysadyýet üçin özboluşly “bufer” bolup hyzmat edýär. 2025-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň taryhynda ilkinji gezek ýel we Gün energiýasynyň paýy gazylyp alynýan ýangyçlardan öndürilýän energiýadan ýokary geçdi. Bu ugurda Awstriýa 90 göterimlik görkeziji bilen liderlik edýär. Ondan soňky orunlary Şwesiýa (88%), Ispaniýa (69,7%) we Daniýa (80%) ýaly ýurtlar eýeleýärler.
Ispaniýa 2019-njy ýyldan bäri Gün we ýel kuwwatlyklaryny iki esse artdyryp, gymmat bahaly gaza bolan garaşlylygyň öňüni aldy. Beýik Britaniýada bolsa 26-njy martda rekord derejede ýel energiýasy öndürilip, ýurduň elektrik zerurlygynyň ýarysyndan gowragy üpjün edildi. Emma muňa garamazdan, hünärmenler soňky on ýylda ilkinji gezek Gün energiýasy bazarynyň gowşap başlamagyndan alada edýärler. “SolarPower Europe” ýolbaşçysy Walburga Hemetsberger syýasatçylary häzirki krizisden dogry netije çykarmaga çagyrýar. Onuň pikiriçe, hökümetler diňe bir täze stansiýalary gurmak bilen çäklenmän, eýsem energiýa torlaryny döwrebaplaşdyrmaly we energiýany saklaýjy ulgamlary giňden ornaşdyrmaly. Diňe täze arassa energiýa taslamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly, geljekde import edilýän ýangyçlara bolan garaşlylygy doly ortadan aýyrmak we energiýa howpsuzlygyny durnukly saklamak mümkindir.
PDF









