Ýewropa Parlamentiniň wekilleri tarapyndan kabul edilen Ýewropanyň howa baradaky kanuny 2030-njy ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly gazlary 40-55 göterim aralygynda azaltmak boýunça bileleşigiň maksadyny tassyklap, kanuny taýdan 2050-nji ýyla çenli kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny nola çenli azaltmak baradaky borçnamany öz üstüne alýar. Bu barada Ýewropa Parlamentiniň beýanatynda mälim edilýär.
2030-njy ýyla çenli göz öňünde tutulan häzirki maksatnama soňky 10 ýylda howa gurşawyna goýberilýän zyýanly gazlary gysga wagtda azaltmak maksady bilen şu ýylyň 14-nji iýulynda Ýewropa Bileleşiginiň esasy düzgünleşdiriji bukjasynyň kabul edilmegine esas döredýär. Bular, esasan-da, Ýewropa Bileleşiginiň uglerod bazaryny täzelemek we bileleşige girmeýän ýurtlar üçin uglerod importyny ugrukdyrmak mehanizmini girizmek baradaky teklipleri öz içine alar.
– Men örän şat. Men muňa Ýewropanyň howanyň düzümindäki zyýanly gazlary nola çenli azaltmak baradaky maksatnamalarynda uly ädim hökmünde garaýaryn. Bu hem taryhy başlangyç – diýip, şwesiýaly sosialist deputat Ýutte Guteland aýtdy. Kanun Ýewropa deputatynyň 442-si tarapyndan goldanyldy, 203-si garşy, 51-si saklandy.
– Ylalaşyk gazanyldy. Biziň hemmämiz Ýewropa Parlamentiniň has öňe gitmäge taýýardygyny bilýäris. Howa baradaky bu kanun öňki kanunlara garanyňda, geljekki 10 ýylda iki ýarym esse arassa howanyň bolmagyny maksat edinýär – diýip, Parlamentiň ekologiýa, saglyk we azyk howpsuzlygy komitetiniň başlygy Paskal Kanfan aýtdy.
2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýewropa Parlamenti 2030-njy ýyldaky howa görkezijilerini täzelemek üçin ses beripdi. Şol ses berlişikde onýyllygyň ahyryna çenli howa goýberilýän zyýanly gazlaryň zyňyndylarynyň 1990-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 60% azaldylmagy baradaky teklip (Ýewropa Komissiýasy tarapyndan teklip edilen 55%-iň ýerine) makullanypdy.
Şeýle hem häzirki kabul edilen kanun Howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijeleri boýunça Ýewropanyň ylmy geňeşiniň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bu ylmy geňeş syýasatçylara howa goýberilýän kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny nola çenli azaltmak maksady bilen Ýewropa Bileleşiginiň syýasatyny utgaşdyrmak bilen bagly garaşsyz ylmy maslahatlary hem berer.
Ýewropa Parlamentiniň beýanatyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabryna çenli, soň bolsa her bäş ýylda bir gezek Ýewropa Komissiýasy ähli Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň köpçülikleýin ösüşine, şeýle hem 2050-nji ýyla çenli sebitde kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň nola çenli az bolmagyna gönükdirilen milli çäreleriň yzygiderliligine gözegçilik eder.
Ýewropanyň howa baradaky kanuny bileleşigiň 2050-nji ýyla çenli howanyň düzümindäki kömürturşy gazynyň azaldylmagyny hem-de «Green Deal» (Ýaşyl ylalaşyk) strategiýasynyň durmuşa geçirilmegini maksat edinýär.